Alymlar Elsevier ylmy neşirýatyny terk edýärler

Alymlar Elsevier ylmy neşirýatyny terk edýärler

Öňdebaryjy Elsevier ylmy neşirýatyny 40-dan gowrak alym terk etdi, olaryň hatarynda Neuroimage žurnalynyň akademiki geňeşiniň agzalary hem bar. Munuň sebäbi neşirýatyň ylmy işleri çap etdirmek üçin tölegleri arzanlatmakdan ýüz öwürýändigidir diýlip, The Guardian neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Habarda neşirýatyň girdejileriniň Google we Amazon kompaniýalarynyňkydan hem köpdügi bellenýär.

The Guardian gazetiniň ýazmagyna görä, ylmy işleri çap etmek bilen meşgullanýan neşirýatyň garşysyna nägilelik çykyşlaryny bütin dünýäniň alymlary goldapdyrlar.

Dünýäniň bu iri neşirýatynda ylmy işi çap etdirmek üçin alymlar 2700 ýewro tölemeli, sebäbi bu neşirýatyň abraýyny görkezýär. Elsevier neşirýatynyň redaksiýasynyň öňki agzalary bu ýygymlaryň etiki talaplara laýyk däldigini hem-de neşirýatyň çykdajylaryndan köp esse artykdygyny aýtdylar.

Niderlandlaryň Elsevier kompaniýasy dünýäniň alymlarynyň ylmy işleriniň 25 göterimini çap edýändigini aýdýar. 2022-nji ýylda onuň girdejileri 10 göterim ýokarlanyp, 2,9 milliard funt sterlinge deň boldy.

Ýene degişli makalalar

Şotlandiýada loh-ness jandarynyň gözleg işleri geçiriler
Metan zyňyndylary bilen tanalýan Türkmenistan ulaglardan çykýan zyýanly gazlara garşy göreşýär
Howanyň üýtgemeginden çekilen ählumumy ýitgi hasaplandy
Howanyň üýtgemeginden çekilen zeper hasaplandy
Daşary ýurt dili çözgüt tapmaga ýardam berýär
Ýürek keselli amerikaly gowaga ýaşamaga gitdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny