Alymlar: internet adamyň aňyna zyýan ýetirmeýär

Alymlar: internet adamyň aňyna zyýan ýetirmeýär

Britan alymlary ýörite geçirilen ylmy-barlaglar arkaly internediň adamyň akyl saglygyna zyýan ýetirmeýändigini anykladylar. Ýagny Oksford uniwersitetiniň işgärleri 168 ýurtda 15 ýaşdan 89 ýaşa çenli adamlaryň iki milliony barada maglumatlary seljerdiler.

Netijede, soňky 20 ýylda ählumumy abadançylyk we psihiki saglyk babatda uly bolmadyk üýtgeşmeler hasaba alyndy.

Ýaş we jyns babatda alnan netijeler hem internetden peýdalanyjylaryň arasynda anyk bir demografik üýtgeşmeleri ýüze çykarmady.

Biz ýaş we jyns babatda aýratyn bir toparlar internetden peýdalananda zyýan çekýär diýen meşhur çaklamalary tassyklaýan hiç hili subutnama tapmadyk diýip, ylmy-barlaglaryň awtory, professor Endrýu Pşibilski gürrüň berdi.

Bu barada Clinical Psychoological Science neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Alymlar Mesopotamiýanyň toýun tagtajyklarynda geljek barada çaklamalary tapdylar
Ýewropanyň iň gowy uniwersitetleri
Bir asyrlyk ylmy tejribe
12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Britaniýalylar Patyşa maşgalasynyň iň ýakymly agzasyny agzadylar
ABŞ-da Konstitusiýanyň bir nusgasy auksionda satyldy