Brodweý Operanyň ruhy bilen hoşlaşýar

Brodweý Operanyň ruhy bilen hoşlaşýar

Nýu-Ýorkdaky meşhur Brodweý teatrynda Operanyň ruhy atly mýuzikliň iň soňky görkezilişi boldy diýip, Habar 24 ýazýar.

Şowhun 35 ýyllap, 14 müň gezek tomaşaçylara görkezildi, bu Brodweý üçin rekorddyr. Oňa 20 million adam tomaşa etdi.

Mýuzikl britan kompozitory Endrýu Lloýd Uebberiň iň meşhur eserleriniň biridir, ol sahna eseriniň awtorlaryna bir ýarym milliard dollardan gowrak girdeji getirdi.

Sahna eseriniň görkezilişiniň tamamlanjakdygy 2022-nji ýylda mälim bolupdy. Prodýuserler muny mýuzikliň koronawirus pandemiýasyndan soň düşewüntliliginiň pese gaçandygy bilen düşündirýärler. Sebäbi ondan bäri sahna oýnunyň tomaşaçylarynyň sany hem-de girdejiler azaldy.

Ýene degişli makalalar

Britaniýalylar Patyşa maşgalasynyň iň ýakymly agzasyny agzadylar
1,5 milliard dollara satyldy
Owganystan bilen bagly ynsanperwer häsiýetli meselelere seredildi
Awstraliýanyň iň köp ilatly şäheri Melburn boldy
“HIF Global” kompaniýasy ýelden ýangyç öndürmek başlangyjyny öňe sürdi
12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal