Dünýäniň iň uly buz bölegi hereket edip başlady

BBC neşiriniň habar bermegine görä, 1986-njy ýylda Antarktikanyň kenaryndan bölünip aýrylan, Weddell deňzinde suwuň saý ýerinde saklanyp galan we buzdan ada öwrülen “A23a” atly aýsberg hereket edip başlady.

Angliýanyň “British Antarctic Survey” atly Antarktikany öwreniş institutynyň hünärmeni, doktor Endrýu Fleming äpet buz böleginiň wagtyň geçmegi bilen kiçelendigini we hereket edip başlandygyny mälim etdi.Onuň sözlerine görä, buzuň ilkinji hereketi 2020-nji ýylda anyklanypdyr.

Soňky wagtlarda bolsa, ýeliň hem-de suwuň akymynyň täsiri bilen hereket edip başlap, häzirki wagtda Antarktika ýarym adasynyň demirgazygyndaky burçdan geçipdir.

Bilermenler “A23a”-nyň Günorta Jorjiýada suwuň saý ýerinde saklanyp galan ýagdaýynda, bu adadaky düwlen, pingwin we deňiz guşlary üçin zyýanly bolup biljekdigini belleýärler. Äpet buzuň massasy jandarlaryň iýmitlenmek üçin geçýän ýoluny kesip biler. Bu bolsa, olaryň çagalaryny yzygiderli iýmitlendirmegine päsgel berer.

Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanýan “A23a”-niň meýdany 4 müň inedördül kilometre, galyňlygy 400 metre barabar.

Ýene degişli makalalar

1,5 milliard dollara satyldy
Italiýada gidroelektrik desgasynda bolan partlamada 4 adam ýogaldy
Türkiyäniň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitine gatnaşýar
Hirosimada G7 sammiti geçiriler
Italiýada mafiýanyň lideri göz tussaglygyna alyndy
Dünýäniň dört künjeginden Türkiyä gynanç ýüzlenmeleri gelip gowuşýar