1,5 milliard dollara satyldy

“Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri bolan Pol Alleniň kolleksiýasyndaky suratlar rekord bahadan satyldy.Londondaky “Christie’s” auksion öýi tarapyndan guralan söwdada eserler 1,5 milliard dollara satyldy.

Söwda öýi bu satuwy iň uly geleşikdigini belledi.Kolleksiýada Winsent Wan Gog, Žorž Sýora, Pol Gogen, Pol Sezann we Gustaw Klimt ýaly dünýä belli suratkeşleriň eserleri bar.Her bir eser 100 million dollardan gymmada satylypdyr.

Sungat eserleri hem ozalky bahasyndan has gymmada satylypdyr.Auksion öýi Žorž Sýoranyň “Modeller” atly kartinasynyň 149,2 million dollara, Goguň “Selwili miwe bagy” atly eseri 117,2 million dollara, Gogeniň “Enelik” atly kartinasy 105,7 million dollara, Klimtiň “Berýoza tokaýy” atly kartinasy 104,6 million dollara satyldy. Şeýle hem, “Christie’s” auksionda Jorjiýa O’Kiff, Klod Monet, Dewid Hokni, Endrýu Waýet we Pablo Pikasso ýaly suratkeşleriň eserleriniň hem satylandygy mälim edildi.

Satuwdan alnan girdejiniň haýyr-sahawat guramasyna beriljekdigi mälim edildi.

ABŞ-ly kolleksiýaçylaryň biri tarapyndan şu ýyl satuwa çykarylan “Macklowe” atly kolleksiýa 922 million dollara satylypdy.

Pol Allen 1975-nji ýylda Bill Geýts bilen bilelikde “Microsoft” esaslandyrylypdy.

Ahmet Myradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Yzly-yzyna çempion bolan ilkinji ýygyndy (Dünýä Kubogy 1938)
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
2021-nji ýyl üçin Ýewropanyň simwoliki ýygyndysy neşir edildi
Dünýäniň iň uly buz bölegi hereket edip başlady
Halk saz gurallary
“Ýuwentus” Ýewropanyň çempionyny transfer etdi