Jozef Baýden ABŞ-nyň 46-njy prezidenti wezipesine girişdi

Jozef Baýden ABŞ-nyň 46-njy prezidenti wezipesine girişdi

ABŞ-nyň 46-njy prezidenti Jozef Baýdeniň kasam kabul ediş dabarasy çarşenbe güni Kapitoliý basgançagynda geçirildi. Ol konstitusiýa we ýurda wepalylyk kasamyny berdi.

Kasam kabul ediş dabarasyna ýurduň eks-prezidentleri Bill Klinton, Jorj Buş kiçi we Barak Obama, şeýle-de Endrýus harby bazasyndaky Donald Trampyň hoşlaşyk dabarasyna gatnaşmadyk öňki wise-prezident Maýkl Pens gatnaşdy.

Donald Tramp öňden bäri dowam edip gelýän däpleri bozup, dabara gatnaşmady, ol irden maşgalasy bilen Florida ştatyndaky mülküne gitdi.Baýdeniň kasamyndan soň 21 sany artilleriýa topunyň zalpy Kapitoliý depesinde ýaňlandy.

Birnäçe minut öň, däp-dessurlara laýyklykda, ABŞ-nyň 56 ýaşly wise-prezidenti Kamala Harris kasam etdi. Şeýlelik bilen, günortan Baýdeniň administrasiýasynyň dört ýyllyk möhletiniň hasaby başlandy.

Ýene degişli makalalar

Tramp bilen Harrisiň arasynda teleçekişme geçiriler
Tramp ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti boldy
CNN: Donald Tramp ABŞ-nyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Tramp wezipelere belledi
UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi
Bir minutda uklamaga kömek edýän usul