Alymlar ummandaky duzuň konsentrasiýasy arkaly ygal mukdaryny çaklamagy öwrendiler

Alymlar ummandaky duzuň konsentrasiýasy arkaly ygal mukdaryny çaklamagy öwrendiler

Ummandaky duzuň konsentrasiýasy gury ýerde ýagşyň nähili mukdarda ýagjakdygynyň möhüm görkezijisi bolup biler. Bu barada Bostondan Salient Predictions amerikan kompaniýasynyň gözleginde aýdylýar diýip, Bloomberg Green habar berýär. Muny plus-one.ru ýetirýär.

Alymlar deňizdäki has duzly suwuň kenardan uzak bolmadyk ýerde güýçli çabganyň boljakdygyny aňladýandygyny anykladylar.Bu ummanyň ýüzünden suwuň bugarmagy bilen baglanyşyklydyr atmosfera çyglylyk näçe köp uçdugyça, şonça-da köp duz akwatoriýada galýar.

Okeanograf we Salient Predictions-y esaslandyryjylaryň biri Reý Şmittiň düşündirişi ýaly, eger ABŞ-nyň gündogar kenarýakasyndaky Atlantik ummanyň duzlulygy pes bolsa, onda Aýowa ştatyndaky fermerlere gurak möwsüm garaşýar.Aýowa ýurtda mekgejöwen ösdürip ýetişdirmek boýunça birinji orny eýeleýär, şonuň üçin daýhanlar çydamly görnüşleri saýlamak ýa-da ekin meýdanlaryny azaltmak arkaly, ekişe has gowy taýýarlyk görüp bilerler. Şuňa meňzeş çaklamalar Hytaýdaky Ýanszy derýasynyň jülgesi üçin hem tassyklandy.

Bu ýerde ýurduň esasy oba hojalyk ýerleri ýerleşýär.Kompaniýa Günorta Hytaý deňziniň duzlulygynyň sebitdäki suw joşmalar we gurakçylyklar bilen baglanyşýandygyny belleýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
54 ýyldan soňra Aýa syýahat
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
Prezidente berlen 'ýörite sylag' býujet işgärlerine 'gymmat düşdi'
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
Meşhur kinofilmlerden gahrymanlar baradaky sazlar