Meşhur kinofilmlerden gahrymanlar baradaky sazlar

Aşgabatdaky kinosimfoniýa Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda üstünlikli geçirilen konsert şeýle atlandyryldy.Ony Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary ýerine ýetirdiler.

Diňleýjileri simfoniki orkestriň alyp baryjysy Selbi Ýomudowa garşy aldy.Ol zaldaky ähli tomaşaçylary birnäçe nesliň kino söýüjileriniň ýüregini eýelän filmlerde beýan edilen arzuw, söýgi, mertlik we gaýduwsyzlyk dünýäsi boýunça sazly syýahata çagyrdy.

Konsert Denni Elfman tarapyndan döredilen Möý adamy filminiň sazy bilen açyldy.Bu sazda gahrymanyň ajaýyp hereketlerini beýan edýän tolgundyryjy we dabaraly äheňler eşidildi.Adaty bir oglanjygy möýiň dişlemegi netijesinde super gahrymana öwrülmegi, adalat ugrunda göreşýändigini görkezýän film tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Ondan soň ýaşlaryň söýgüli gahrymany Garri Potter baradaky filmden saz ýerine ýetirildi.Patrik Doýlyň Garri Potter we ot kubogy filmine döreden sazynyň astynda Garri we onuň dostlary gaýduwsyz hereketleri bilen dünýäniň ähli künjegindäki ýaşlaryň söýgüsini gazandylar.

Türkmen estrada ýyldyzy Döwran Şammyýew Benj Pasek bilen Jastin Polyň Iň beýik şoumen filminden Hiç haçan ýeterlik däl atly aýdymyny ýerine ýetirdi.Ol ýeňil we erkin ýerine ýetiriş arkaly filmiň gahrymanyň arzuwyna ýetmek ýoluny beýan etdi.

Tüýdükte ýekelikde çykyş eden Kakajan Hudaýberdiýew Hans Zimmeriň Gladiator filmine degişli sazynyň üsti bilen gahrymanyň egilmez erkini çuň manyly äheňde açyp görkezdi. Şeýle hem simfoniki orkestr tarapyndan Braýan Taýleriň Rembo, Dewid Arnoldyň Agent 007 ýaly filmlerine degişli sazlar ýerine ýetirildi.

Gahrymanlar baradaky bu kinosazlar tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy.Söýgi we hasrat hakyndaky täsirli saz hökmünde Jeýms Horneriň Titanik filminden kompozisiýasy ýerine ýetirildi.Tomaşaçylar filmiň gahrymanlary bilen bilelikde ýatdan çykmajak betbagtçylygy başdan geçirdiler.

Sazly syýahatyň ahyrynda Hans Zimmeriň Karib deňziniň garakçylary filminden saz ýaňlandy.Bu sazda joşgunly umman, howp we baş gahrymanyň batyrlygyna bolan haýran galma duýgusy aýdyň duýuldy.Zaldaky tomaşaçylar bu eseri uzak dowam eden el çarpyşmalar bilen garşy aldylar we orkestr ony gaýtadan ýerine ýetirdi.

Batyr we üstünlikli gahrymanlar baradaky kinosazlar diňleýjileriň ruhuny göterip, olary adalat we duýgudaşlyk ýaly belent duýgular bilen baýlaşdyrdy.

Ýene degişli makalalar

11 müň garly şary ýygnap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Türkmenistanda parlament saýlawlaryna gatnaşanlaryň sany 90%-den geçdi, 2023-nji ýylyň ilkinji iki aýynda Türkmenistan Hytaýa 1,61 milliard dollardan gowrak möçberde haryt eksport etdi we beýleki habarlar
Aşgabatdan Londona uçuşlar üçin awiapetekler satuwa çykaryldy, Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Täjigistana barar, Türkmenistan parlament saýlawlarynyň netijelerini yglan etdi we beýleki habarlar
Aşgabatda Gagariniň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi, Lebapsuwhojhalyk birleşiginiň tehniki parky Ýaponiýanyň Komatsu kompaniýasynyň täze ulaglary bilen üpjün edildi we beýleki habarlar
HBO Garri Potter köp bölümli filmini surata düşürip başlar
Aktýor Deniel Redkliff ilkinji gezek kaka boldy