Alymlar Ýerde näçe garynjanyň bardygyny anykladylar

Alymlar Ýerde näçe garynjanyň bardygyny anykladylar

Häzirki wagtda Ýer ýüzünde ýaşaýan garynjalaryň sanyny anyklamak alymlara başartdy, bu mör-möjekleriň sany 20 kwadrilliona ýa-da million millarda deňdir. Şeýle maglumaty RIA Nowosti habarlar gullugy Proceedings of the National Academy of Sciences žurnalynda çap edilen ýörite makala salgylanyp habar berýär.

Žurnalyň maglumatlaryna görä, alymlara ähli yklymlardan we esasy ekoulgamlardan alnan maglumatlary bir ýere jemlemek başartdy. Olar alnan görkezijiniň ýabany guşlaryň we süýdemdirijileriň umumy bioagramyndan ýokarydygyny hem-de adam bioagramynyň 20 göterimine deňdigini aýdýarlar.

Makalada şeýle-de garynjalaryň Zeminde deň derejede ýaýramandygy bellenýär, olaryň agramly bölegi tropiki ülkelerde ýaşaýar.

Ýene degişli makalalar

Zeminde janly görnüşleriň iň köp ýaşaýan ýeri kesgitlendi
Tokaýlaryň çapylmagy sebitiň temperaturasyna uly täsir edýär
Garynjalaryň sany belli boldy
Alymlar adamlaryň ümsümligiň sesini eşidýändiklerini subut etdiler
Tebigatyň täze kanuny öňe sürüldi
Marsda ýaşamaga ukyply jandarlar agzaldy