Marsda ýaşamaga ukyply jandarlar agzaldy

Marsda ýaşamaga ukyply jandarlar agzaldy

Adamzat köp ýyllar bäri beýleki planetalary koloniýalaşdyrmak boýunça maksatnamalary düzüp gelýär, munuň üçin giden ekoulgamlary, şol sanda janly-jandarlary hem äkitmek gerek bolar.

Janly-jandarlar durmuş ähmiýetli meseleleri çözmekde hyzmaty bitirip bilerler. Balyk we krewetka köpeltmek astronawtlar üçin iýmiti üpjün eder, mör-möjekler ösümlikleri tozanlandyrar, ýuwaşýöreýänler ýaly kiçibedenler bolsa, ylmy barlaglar üçin gerek bolar.

Sietldäki Waşington uniwersitetiniň alymlary çylşyrymly ekoulgamlaryň Zeminden daşary çykarylmagyny ylmy fantastika hasaplaýarlar, sebäbi görnüşleriň ählisi ýerden daşary gurşawa uýgunlaşyp bilmezler. Munuň esasy sebäbi pes grawitasiýadyr, ýagny bütindünýä dartyşydyr. Marsda ol Ýerdäkiden 1/3, Aýdakydan 1/6 derejededir. Gerek bolan atmosferaly we basyşly emeli gurşawy döredip bolar, emma grawitasiýany nädip çözmelidigini alymlar heniz kesgitläp bilenoklar.

Munuň sebäbi-de üýtgedilen grawitasiýa myşsalaryň we süňkleriň dogry ösüşine päsgelçilik döreder, şonuň üçin Marsda haýwanlar aýak üstünde durup we ýöräp bilmezler.

Ady agzalan uniwersitetiň hünärmenleri Marsyň şertleri üçin has çydamly jandarlar hökmünde mör-möjekleri ýa-da leňňeç şekillileri agzaýarlar. Çyrlaklary (Acheta domesticus) bolsa, beloklaryň çeşmesi hökmünde ulanyp bolar.

Pes dartyş güýji balyklara we beýleki suw jandarlaryna täsir etmeýär. Munuň üçin krewetkalary uly bolmadyk akwariumlarda köpeltmek bolar diýip, Live Science neşirinde çap edilen makala salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Zeminde janly görnüşleriň iň köp ýaşaýan ýeri kesgitlendi
Çekirtgeler dünýäniň azyk howpsuzlygyna howp salyp biler
Science: asmanda görünýän ýyldyzlaryň sany geljek 18 ýylda 2,5 esse azalar
Ummanlaryň ýylylygy ýokarlanýar
Reňkini üýtgedýän robot oýlanyp tapyldy
Dünýä ummanyndaky plastik çökündi üç esse artdy