Aman Kekilowyň Söýgi romany sahnalaşdyryldy

Aman Kekilowyň Söýgi romany sahnalaşdyryldy

Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynda Aman Kekilowyň Söýgi romany esasynda täze spektakl sahnalaşdyryldy. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr web saýtynda habar berilýär.

Spektaklda Laçyn Nuryýewa, Arslan Hojagurbanow, Parahat Ylýasow dagy baş gahrymanlaryň keşplerinde çykyş edýärler.

Şygyr görnüşinde ýazylan Söýgi romany Aman Kekilowyň adyny türkmen edebiýatynda müdimilik goýdy we köp ýyllaryň dowamynda teatrlaryň sahnasyndan düşmän gelýär. Bu esere täzeden ýüzlenmek bilen Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynyň artistleri adamlaryň durmuşyndaky bolup geçýän wakalara, meselelere, olaryň arzuw-umytlaryna üns berýärler.

Belläp geçsek, ykbalyň güýçli urgularyna garşy duran we adamlarda geljege bolan ynamy sowgat eden söýginiň belent duýgulary hakyndaky bu eseri, ýagny Söýgi romanyny ýazmak üçin Aman Kekilow ömrüniň 20 ýylyny sarp edipdir.

Spektakl ýakyn wagtda tomaşaçylara görkeziler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
TÜRKMEN KOMPOZITORLARYNYŇ ESERLERINDE BEÝIK WATANÇYLYK URŞUNYŇ BEÝANY
Söýgi duralgasy sahna oýny taýýarlanýar
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeni miras - ruhy baýlygymyz atly söhbetdeşlik geçirildi
Aňzakda, göreşde açylan ak gül