Söýgi duralgasy sahna oýny taýýarlanýar

Söýgi duralgasy sahna oýny taýýarlanýar

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry häzirki möwsümde täze sahnalar bilen tomaşaçylaryň göwnüni götermäge dowam edýär. Ýakynda Seýis sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bolar, soňra bolsa döredijilik topary Söýgi duralgasy atly täze sahna eserini hödürlär.

Meşhur dramaturg Aşyr Mämiliýewiň pýesasy ýurdumyzyň dürli teatrlarynda tomaşaçylara hödürlenildi.Bu eseriň dramatik özenini döwrebap hasaplamak bilen topar eserde seredilýän meselelere öz garaýşyny sahna üsti bilen beýan etmek isledi.

Bu sahna oýny durmuşynyň bir möwsüminde gatnaşyklarynyň duralgasynda saklanan jübüt baradaky wakany beýan edýär diýip, režissýor Guwanç Baýmedow aýdýar. Ýaş çatynjalar üçin maşgala ojagy, aýgytly pursatlar we täzeden dikeliş örän möhümdir.

Sahna oýnunyň guramaçy-režissýory hökmünde Türkmenistanyň at gazanan artisti, sahna ussady Meretdurdy Seýdow çykyş etdi.Baş keşpleri teatryň sahna ussatlary Döwran Bekdurdyýew we Maral Jambylowa ýerine ýetirýär.Sahna eserini döredijiler gündelik durmuşyň adaty mazmunyndan däl-de, eýsem syrlylyga ýykgyn edip, sahna oýnuny az bolsun uz bolsun usulynda şirin mukamyň keşbine öwürýärler.

Kub şekilli gysga we anyk bezegler, kämil sazlanan mizan sahnalar hem-de täsirli saz bezegi gahrymanlaryň içki dünýäsindäki tejribelerine we tolgunmalaryna ünsi jemlemäge kömek edýär.Spektakl ýakynda tomaşaçylara hödürlener.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary