“Amazon” “Palm Checkout” ulgamyny işe girizdi

“Amazon One” müşderileriniň barmak yzlaryny ulanmak arkaly, harytlar we hyzmatlar ulgamynda hasaplaşyk ulgamynyň giňeldilendigini habar berdi.Kompaniýa galtaşyksyz töleg etmek tehnologiýasyny birnäçe ýyldan bäri işläp taýýarlaýar.

Eýýäm kompaniýanyň käbir dükanlarynyň müşderileri hiç hili bank kartyny terminala okatdyrmazdan alan harytlarynyň tölegini edip bilýärler.Bu bolsa, günüň belli wagtynda dükanlarda emele gelýän nobatyň öňüni almaga, galyberse-de, müşderileriň wagtyny tygşytlamaga ýardam edýär.

Bu tehnologiýa ilkinji gezek 2020-nji ýylda peýda bolupdy. Ýöne dünýäde dörän ýagdaýlar sebäpli, bu ulgamyň giň möçberde işledilmegi çäklendirilipdi.Söwda ulgamynyň ösüşiniň barşynda bu usul örän ýönekeý we amatlylygy bilen tapawutlanýar. Ýagny, müşderileriň hyzmatdan peýdalanmaklary üçin, diňe bir aýalaryny enjama golaýlaşdyryp, ellerini skaner etmekleri ýeterlikdir.

Bu usul iňňän ýönekeý bolup, galtaşyksyz amala aşyrylýar.

Maglumat berlişine görä, “Amazon One”-yň üsti bilen töleg usuly hökmünde skaner enjamynyň “Amazon”-yň eýeçiligindäki “Whole Foods” markasynyň 65 azyk dükanynda peýda boljakdygy habar berildi.Edil häzirki wagtda şeýle ulgamlaryň ilkinjisi Sietlde ornaşdyryldy. Şeýle-de bu skaner hasaplaşyk enjamynyň ýakyn wagtda Kaliforniýada giň gerimde ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýaşaýjylarynyň we syýasatçylarynyň arasynda iň uly seslenme “Amazon” mahabaty sebäpli döredi. Şunda ulanyjylara şahsyýetini we el yzlaryny bellige aldyrandyklary üçin ABŞ-nyň 10 dollary möçberinde pul sylagy teklip edilýär.

Meretmuhammet HOJANEPESOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Marsda ýaşamaga ukyply jandarlar agzaldy
Uçarlary elektrik energiýasy bilen işlär
Futbol täzelikleri
Türkmenhowaýollary şu ýylyň birinji çärýeginde ýene bir Boeing 777-200LR uçaryny satyn alar