Amazon ýurtlarynyň ýygnagy

Braziliýada Amazon sammiti geçirildi.Amazon Hyzmatdaşlyk ylalaşygy guramasyna agza (ACTO) 8 ýurduň ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşan ýygnagynda tokaýsyzlanmagyň öňüni almak esasy mesele boldy.Gurama şeýle ýokary derejeli çäräni 14 ýyl ozal geçiripdi.

Dünýäniň iň uly tokaýy hasaplanýan Amazonkanyň çäginde ýerleşýän bu ýurtlar janly tebigaty goramak üçin dürli taslamalary işläp taýýarlaýar.Bu tokaýlyklar Ýer ýüzüniň öýkeni hasaplanýar.Braziliýanyň Belen şäherinde geçirilen sammite Boliwiýanyň, Kolumbiýanyň we Perunyň döwlet ýolbaşçylary gatnaşdy.

Wenesuela, Ekwador, Surinam we Gaýana ýurtlaryna ýokary derejede wekilçilik edildi.Sammite gurama agza bolmadyk ýurtlaryň wekilleri hem çagyryldy.Halkara maslahatda tokaýsyzlanmak bilen göreş, altynyň bikanun çykarylmagynyň ýok edilmegi we sebitde durnukly ösüşiň ýola goýulmagy üçin hyzmatdaşlyk ýaly meselelere garaldy.

Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa sammitiň açylyşynda 2030-njy ýyla çenli tokaýsyzlanmagyň soňuna çykyljakdygyny aýtdy.

Sammitde geçirilen gepleşiklerde sebitde nebitiň çykarylyşy barada hem gürrüň edildi. Sammitiň ahyrynda 113 maddaly Jarnama kabul edilip, onda tropik tokaýlardaky bikanun hereketlere we daşky gurşaw bilen bagly düzgün bozulmalara garşy göreşiljekdigi bellenildi. Ýurtlar agaçlaryň kesilmegine garşy göreşmekde ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň uly balyklary
Miweçil balyk
Kolumbiýa UNASUR guramasynyň düzümine ýaňadandan goşular
Sowuklama bilen kesellemegiň dürli ýurtlara näçä durýandygyny hasaplandy
Blokbasterlere gatnaşandygy üçin iň ýokary hak alýan Golliwud aktýorlarynyň sanawy düzüldi
Halypa-şägirt mekdebi