Liwan özüniň ilkinji elektrokaryny hödürledi

Liwan özüniň ilkinji elektrokaryny hödürledi

Liwanyň paýtagty Beýrutda doly derejede ýurduň içinde taýýarlanan täze Quds Rise elektrokary görkezildi. Elektromobil bir ýylyň içinde bazarda peýda bolar. Quds Rise elektrokaryny işläp düzmek bilen EV Electra kompaniýasy meşgullandy. Bu barada tarantas.news habar berýär.

Elektrokaryň ady Ierusalimiň arap adyndan gelip çykýar, awtomobiliň öň tarapy bolsa yslamyň üçünji möhüm ybadathanasy bolan Ierusalimdäki Al-Aksa metjidi toplumynyň ybadathanasy Gaýa Gümmeziniň şekiline eýe.Quds Rise elektromobili 50 kilowat/sag batareýa bilen iýmitlenýän bir yzky elektrik motor (160 at güýji) bilen hereket edýär.

Ol 1100 kg agram bilen duran ýerinden 100 km/sag çenli 5 sekundyň içinde bat alýar we bir gezek zarýadlanma bilen 450 kilometre çenli aralygy geçip bilýär.Onuň iň ýokary tizligi sagatda 165 km.

Täze elektromobiliň iki oturylýan ýeri we diagonaly 15,9 dýuým bolan sensor ekranly media ulgamy bar.Geljekki alyjylara saýlama üçin kuzowyň 7 reňki we salon bezeginiň 6 görnüşi hödürlener.

Elektromobiliň önümçiligini şu ýylyň ahyryna çenli Liwanda ýola goýmak meýilleşdirilýär.Onuň meýilleşdirilen önümçilik mukdary 10 müň nusgadyr.Kompaniýanyň resmi saýtyna görä, EV Electra ulaglaryny Germaniýada, Daniýada, Kanadada, Palestinada we Iordaniýada satmakçy bolýar.

Liwanyň özünde awtobazar çökgünlige düşdi: 2021-nji ýylda bary-ýogy 62 awtomobil satmak başartdy, bu geçen ýyla garanda, 97% azdyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmen tennisçi gyzlar Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda iki altyn medala mynasyp boldular
Emine Erdogan 7-nji TRT World Citizen baýrak gowşurlyş dabarasyna gatnaşdy
Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda türkmen tennisçi gyzlary uly üstünlik gazandylar
Türk kärhanalar Eýrana, Yraga, Siriýa, Liwana we Iordaniýa ähli uçuşlaryny 6-njy marta çenli ýatyrdy
Eýran Ysraýyla we ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezlerine hüjüm gurady
Erdogan Eýranda we Liwanda mekdepleri we hassahanalary nyşana alýan “ganhor tory” ýazgardy
Ysraýyl Liwanyň günortasyndaky obalary basyp almagy meýilleşdirýär