“Galkynyş” atly oýunlar topary Stambulda geçirilýän Halkara etnosport festiwalyna gatnaşýar

“Galkynyş” atly oýunlar topary Stambulda geçirilýän Halkara etnosport festiwalyna gatnaşýar

Türkmenistanyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary 2124-nji maý aralygynda Stambulda geçirilýän 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwalynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada “Türk dünýäsi” media platformasy habar berdi.

“Galkynyş” topary atly oýunlardaky ussatlygyny, milli egin-eşikleri, şeýle hem sazly-goreografik kompozisiýalary öz içine alýan täsirli maksatnama bilen çykyş etdi.

Türkmenistandan ýörite getirilen ahalteke bedewleri çärä gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň ünsüni çekdi. Gözelligi, çydamlylygy we owadan hereketleri bilen tanalýan meşhur bedewler festiwalyň nyşanlarynyň birine öwrülip, onuň maksatnamasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Festiwalyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlaryndan döredijilik toparlary milli däp-dessurlaryny, däp bolan sport görnüşleriniň elementlerini, atly oýunlary we medeni mirasy tanyşdyrdylar.

Festiwala Ýaponiýa, Müsür, Gazagystan, Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Ispaniýa, Litwa, Russiýa, Italiýa, Özbegistan, Meksika, Bangladeş, Gruziýa, Owganystan, Liwan, Tanzaniýa, Palestina, Bosniýa we Gersegowina, Alžir hem-de Marokko ýaly ýigrimiden gowrak ýurduň wekilleri hem gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Galkynyş milli at üstündäki oýunlar topary Türkiýede geçirilen halkara festiwala gatnaşdy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde halkara ylmy amaly maslahat geçirilýär
Bakuwda Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammiti öz işine başlady
Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda Goşulyşmazlyk Hereketiniň Sammitine gatnaşdy
Ertir 35-nji Afrika Milletler Kubogyna badalga berler
Faworitler ýeňiş bilen başlady