Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda Goşulyşmazlyk Hereketiniň Sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda Goşulyşmazlyk Hereketiniň Sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň Sammitine gatnaşdy. Bu barada APA habarlar gullgy habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sammiti geçirmek boýunça başlangyjy üçin Azerbaýjanyň Prezidentini Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi we pandemiýanyň global ösüşe şol sanda syýasy gatnaşyklara, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ugurlara hem täsir edendigini belledi.

“Goşulyşmazlyk Hereketi ynsanperwerligi, adalaty we deňligi ösdürýär. Guramanyň hyzmatdaşlyk üçin anyk meýilnamasy bar. Biz bilelikdäki tagallalar bilen pandemiýanyň netijelerine garşy durup bileris. Netijeli ýolbaşçylyk edendigi üçin ýene bir gezek Azerbaýjana sag bolsun aýdýaryn” diýip, Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda aýtdy.

Sammite Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, 70-e golaý ýurduň Döwlet we Hökümet Baştutanlary, Bosniýa we Gersegowinanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Yragyň, Liwiýanyň Prezidentleri, Kubanyň, Gabonyň, Tanzaniýanyň wise-prezidentleri, Alžiriň we Keniýanyň Premýer-ministrleri, dürli ýurtlaryň ýokary derejeli wekilleri, Bütindünýä syýahatçylyk gurmasynyň (UNWTO) Baş sekretary Zurab Pololikaşwili, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Baş direktory Antonio Witorino, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Husraw Noziri, ministrler, ministrleriň orunbasarlary, ilçiler we beýleki resmiler gatnaşdylar. Şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Gebreisus sanly ulgam arkaly sammite gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirmegi meýilleşdirilýär. Ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alşarlar.

Ýene degişli makalalar

Bakuwda Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammiti öz işine başlady
Ilham Aliýew Goşulyşmazlyk Hereketiniň sammitinde çykyş etdi
Günorta Kawkazyň Günortasynda Wakalar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Halkara sergi býurosynyň komitetiniň indiki mejlisi Aşgabatda geçiriler
OPEC+ önümçiligini artdyrýar