Bakuwda Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammiti öz işine başlady

Bakuwda Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammiti öz işine başlady

Şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammiti öz işine başlady. Oňa 70-e golaý ýurduň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar diýip, APA habar berýär.

Habar berlişi ýaly, sammite 5 ýurduň — Türkmenistanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň, Özbegistanyň, Yragyň hem-de Liwiýanyň Prezidentleri, üç ýurduň — Kubanyň, Gabonyň, Tanzaniýanyň wise-prezidentleri, Alžiriň we Keniýanyň premýer-ministrleri, dürli ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylary — BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň Prezidenti Çaba Kereşi, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwili, Halkara Migrasiýa Guramasynyň baş müdiri Antonio Witorino, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň baş müdiri Tatýana Walowaýa, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ECO) Baş sekretary Husraw Noziri we beýlekiler, ministrler, ministrleriň orunbasarlary hem-de ilçiler gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň paýtagtyna şu gün irden bardy. Serdar Berdimuhamedowy Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagub Eýýubow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Bu forum Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, 2019-njy ýyldan soňra ähli wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilýär.

1961-nji ýylda döredilen Goşulyşmazlyk Hereketi häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän 120 döwleti özüne birleşdirip, harby-syýasy toparlara gatnaşmazlyk we döwletleriň hem-de halklaryň parahatçylykly ýaşamak ýörelgeleri ugrunda çykyş edýär. Şunda bu iri birleşmäniň ýanynda döwletleriň 17-siniň, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýlekileriň synçy derejesi bardyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda Goşulyşmazlyk Hereketiniň Sammitine gatnaşdy
Ilham Aliýew Goşulyşmazlyk Hereketiniň sammitinde çykyş etdi
Günorta Kawkazyň Günortasynda Wakalar
Halkara sergi býurosynyň komitetiniň indiki mejlisi Aşgabatda geçiriler
OPEC+ önümçiligini artdyrýar
Dünýäde ululygy boýunça taryhda üçünji almaz tapyldy