Amerikaly Mega Millions-dan 1,13 milliard dollar utdy

Amerikaly Mega Millions-dan 1,13 milliard dollar utdy

ABŞ-da ýurduň taryhynda sekizinji iň uly möçberli lotereýa baýragy gazanyldy. Mega Millions lotereýasynyň 1,13 milliard dollarlyk baýrakly petegi Nýu Jersi ştatynda satyldy.

Mega Millions-da alty sany sanyň ählisini dogry çaklap ýeňiş gazanmagyň ähtimallygy 302,6 milliondan 1-e deňdir.

Federal girdeji salgydynyň (37%) hem-de mümkin bolan döwlet salgydynyň (10 — 15%) bolandygy üçin, gazanylan pul baýragynyň möçberiniň hem ep-esli azalýandygyny bellemek gerek.

Netijede, 1,13 milliard dollarlyk jekpoty gazanmak bagty nesip eden ýeňiji bu puluň diňe 537,5 million dollaryny alar. Bu barada The Guardian gazetine salgylanyp tochka.by web saýty habar berýär.

Ýene degişli makalalar

29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Stambula 3 Aýda 3 Million 766 Müň 718 Syýahatçy Geldi
Çaý Eksportundan 25 Million 388 Müň 621 Dollarlyk Girdeji Gazanyldy
Türkiýe, Azerbaýjana 250 Million Liralyk Pul Kömegini Berer
Türkiýeden 96 Ýurda 151 Million 568 Müň Dollarlyk Fystyk Eksport Edildi
Türkiýe Geçen Ýyl 408 Million Dollarlyk Kak Erik Eksport Etdi