Çaý Eksportundan 25 Million 388 Müň 621 Dollarlyk Girdeji Gazanyldy

Çaý Eksportundan 25 Million 388 Müň 621 Dollarlyk Girdeji Gazanyldy

Türkiýe, 2023-nji ýylda Belgiýanyň başda durmagynda 120 ýurda çaý eksport edip 25 million 388 müň 621 dollarlyk girdeji gazandy.

Gündogar Gara deňiz eksportçy bileleşiginiň görkezijilerine görä, türk çaýy geçen ýyl 120 ýurda, awtonom sebite we erkin zolaga satyldy.

Çaý eksportundan 2022-nji ýylda 22 million 80 müň 351 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Çaý eksporty 2023-nji ýylda 11 göterim artyp 25 million 388 müň 621 dollara barabar boldy.

Çaý eksportunda Belgiýa, Britaniýa we ABŞ esasy orun eýeledi.

2023-nji ýylda Belgiýa 8 million 189 müň 149 dollarlyk çaý satyldy.

Çaý eksportunda Belgiýadan soň 3 million 231 müň 926 dollar bilen Britaniýa ikinji, 2 million 780 müň 540 dollar bilen ABŞ üçünji orny eýeledi.

Türkiýe geçen ýyl ozalky ýyllardan tapawutly ýagdaýda Polşa, Braziliýa, Latiýa, Slowakiýa, Gabona we Dominik Respublikasyna çaý satdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň çap eksporty 39 göterim artdy
Halkara sergi býurosynyň komitetiniň indiki mejlisi Aşgabatda geçiriler
Keşdelenen sagat gaby
Bir ädimde beýleki ýarym şara geç!
OPEC+ önümçiligini artdyrýar
Dünýäde ululygy boýunça taryhda üçünji almaz tapyldy