Togo we Gabon Milletler arkalaşygynyň agzalary boldy

Iki Afrika döwleti – Togo we Gabon, Ruandada geçirilen maslahatda Milletler Arkalaşygyna (öňki Britan Milletler Arkalaşygy) kabul edildi. Bu barada metbugat ýygnagynda Ruandanyň Prezidenti Pol Kagame mälim etdi. Şeýlelikde, Milletler Arkalaşygyna girýän döwletleriniň sany 56-a ýetdi.

Togo we Gabon öz taryhynda hiç haçan Beýik Britaniýa garaşly bolmandy, ýöne bu ýurtlaryň häkimiýetleri britan şa zenany Ýelizaweta II ýolbaşçylygyndaky Milletler arkalaşygyna goşulmak kararyna geldiler. Iň gadymy halkara guramalarynyň biriniň häzirki giňelmegi, Ruandanyň Milletler Arkalaşygyna goşulaly bäri 2009-njy ýyldan bäri ilkinji bolup durýar.

-Togonyň Milletler arkalaşygyna agzalygy, diplomatik, syýasy we ykdysady gatnaşyklarymyzy giňeltmek, şeýle hem iňlis dilinde gürleýän dünýä bilen ýakynlaşmak islegimizden gelip çykýar diýip, Togonyň daşary işler, Afrika integrasiýasy we diaspora gatnaşyklary ministri Togo Rober Dýusseý aýtdy.

Britan Milletler Arkalaşygy 1926-njy ýylda esaslandyryldy we 1947-nji ýylda Milletler arkalaşygy ýa-da Arkalaşyk boldy.Oňa ilkibaşda Beýik Britaniýa we onuň öňki ýerleriniň hemmesi diýen ýaly girýärdi. Ýöne bu gurama soňky onýyllykda hiç haçan britan korollygyna garaşly bolmadyk ýurtlar goşuldy.

Olaryň arasynda Ruanda we Mozambik bar.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň çap eksporty 39 göterim artdy
Mewlüt Çawuşogly Afrika ýurtlaryna sapar gurar
EKKAS Gabonyň agzalygyny togtatdy
Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşar
Afrikanyň iň täsirli üç ýurdunyň biri
Türkmenistan Germaniýa howa gatnawlarynyň tertibi, ahally bagban ekzotiki miwe ösdürip ýetişdirýär, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy halkara pasportlaryny resmileşdirmegi bes etdi