"Efes-2022" harby türgenleşigi Prezident Erdoganyň gatnaşmagynda başlady

Izmir welaýatynyň Seferihisar etrabyndaky Doganbeý atyş meýdançasynda geçirilýän Efes-2022 harby türgenleşiginiň tapawutly synçy güni dowam edýär.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, 10-dan gowrak ýurdyň Goranmak ministrleri we Baş ştablarynyň başlyklary bilen birlikde Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň serkerdeleri bilen gözegçilik eden harby türgenleşigiň irdenki bölümi, kesgitlenen nyşanalary takyk ýagdaýda atmak bilen tamamlandy.

Tapawutly synçy gününiň 2-nji bölümi bolsa Prezident Erdoganyň harby türgenleşige gelmeginden soň başlady.

Egnine Prezidentiň nyşany bolan goýy gök kurtka we Efes-2022 tagmaly kepka geýen Erdogan, türgenleşige syn eden daşary ýurtlaryň Goranmak ministrleri we Baş ştablaryň başlyklary bilen söhbetdeş boldy.

Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Musa Awseweriň harby türgenleşik bilen bagly maglumat bermeginden soň, harby türgenleşigiň çägindäki nyşanalar Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan atylmaga başlandy.

Efes-2022 harby türgenleşigi Milli Goranmak ministrligi, Baş Ştab, Gury ýer, Harby-deňiz we Harby-howa güýçleri bilen Žandarma güýçleri, Kenarýaka howpsuzlyk serkerdeligi, raýat guramadyr-edaralary bilen ABŞ, Germaniýa, Albaniýa, Awstraliýa, Azerbaýjan, Bahreýn, Bangladeş, Bosniýa-Gersegowina, Burkina-Faso, Çehiýa, Efiopiýa, Fransiýa, Gambiýa, Gruziýa, Yrak, Beýik Britaniýa, Italiýa, Kamerun, Katar, Gazagystan, Gyrgyzystan, Koreýa Respublikasy, Kosowa, Kuweýt, Demirgazyk Makedoniýa, Latwiýa, Litwa, Wengriýa, Malaýziýa, Mongoliýa, Nigeriýa, Özbegistan, Pakistan, Ruanda, Slowakiýa, Somali we Iordaniýa ýaly ýurtlardan ugradylan harby toparlar we birikmeler bilen, 1100-i daşary ýurtly jemi 11 müň harbynyň gatnaşmagynda geçirilýär.

Efes-2022 harby türgenleşigiň gije bölümindäki türgenleşigi düýn geçirilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň çap eksporty 39 göterim artdy
Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçilerden ynanç hatlaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşar
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary