Türkiyäniň çap eksporty 39 göterim artdy

Türkiyäniň çap eksporty 39 göterim artdy

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed Hamdi Gürdogan, Türkiyeden ýylyň ilkinji 4 aýynda 98 ýurda, awtonom we erkin söwda zolagyna çaý satylandygyny habar berdi.

Ahmed Hamdi Gürdogan 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda 2 müň 323 tonna çaý eksportyndan 11 million 365 müň 591 dollar girdeji alynandygyny mälim etdi.

Ýurtdan geçen ýylyň ady agzalan döwründe 2 müň 458 tonna çaý eksportyndan 8 million 192 müň 169 dollar gazanylandygyny aýdan Gürdogan: "Çaý eksportymyz geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 39 göterim artdy.

Belgiýa, ABŞ we Beýik Britaniýa iň köp eksport edilen 3 ýurt boldy.Belgiýa şol wagt aralygynda 4 million 765 müň 324 dollarlyk, ABŞ-na 1 million 934 müň 866 dollarlyk we Beýik Britaniýa 953 müň 309 dollarlyk çaý eksport edildi" diýip habar berdi.

Gürdogan eksportyň artyşyna paralel ýagdaýda ýurtlaryň sanynyň hem artandygyna ünsleri çekip, şol wagt aralygynda Slowakiýa, Meksika, Ispaniýa, Italiýa, Gabon, Panama, Indoneziýa, Malaýziýa, Taýwan, Portugaliýa, Angola, Gambiýa, Togo we Ruanda ýaly ýurtlara satylandygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

EKKAS Gabonyň agzalygyny togtatdy
Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçilerden ynanç hatlaryny kabul etdi
"Efes-2022" harby türgenleşigi Prezident Erdoganyň gatnaşmagynda başlady
Türkiyäniň deňiz balykgulak eksporty artdy
OPEK+ ýurtlary nebitiň çykarylyşyny azaldar
OPEC döredildi