Mewlüt Çawuşogly Afrika ýurtlaryna sapar gurar

Mewlüt Çawuşogly Afrika ýurtlaryna sapar gurar

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "Hormatly ministrimiz Günorta Afrika Respublikasyna gurajak saparynyň çäginde 2023-nji ýylň 9-njy ýanwarynda Keýptaun şäherindäki Baş konsullygymyzyň resmi açylyşyny ýerine ýetirer, 2023-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda bolsa Pretroýa şäherinde resmi duşuşyklar geçirer" diýip habar berildi.

Saparyň çäginde hormatly ministrimiz 2023-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Zimbabwede, 2023-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Ruandada, 2023-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Gabonda we 2023-nji ýylyň14-nji ýanwarynda San-Tome we Prinsipe döwletinde ikiçäk duşuşyklar geçirer.

Hormatly ministrimiziň saparynyň çäginde ady agzalan ýurtlarda geçirjek duşuşyklarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar ele alynar, sebitleýin meseleler bilen birlikde Afrika Hyzmatdaşlyk syýasatymyz babatynda pikir alyşylar" diýip mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň çap eksporty 39 göterim artdy
Togo we Gabon Milletler arkalaşygynyň agzalary boldy
EKKAS Gabonyň agzalygyny togtatdy
Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşar
OPEC+ önümçiligini artdyrýar
Dünýäde ululygy boýunça taryhda üçünji almaz tapyldy