BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň wagtlaýyn agzalary işe girişdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň wagtlaýyn agzalygyna saýlanan Ekwador, Ýaponiýa, Malta, Mozambik we Şweýsariýa işe girişdi.Agzalýan ýurtlar 2023-2024-nji ýyldaky döwürde 15 agzaly geňeşiň wagtlaýyn agzalary hökmünde işlärler.

Bu ýurtlar wezipe möhleti 31-nji dekabrda tamamlanan Hindistan, Irlandiýa, Keniýa, Meksika we Norwegiýa döwletleriň ýerine geçdiler.Mozambik we Şweýsariýa ilkinji gezek wagtlaýyn agza saýlanan bolsa, mundan ozal Malta 2, Ekwador 4 we Ýaponiýa 12 gezek bu wezipäni öz üstüne alypdy.

Häzirki wagtda Albaniýa, Braziliýa, Gabon, Gana we Birleşen Arap Emirlikleri geňeşiň wagtlaýyn agzalary bolup durýarlar.

Jemi 15 agzasy bolan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 5 sany hemişelik agzasy bolan ABŞ, Hytaý, Russiýa, Angliýa we Fransiýa weto hukugyna eýe bolup durýarlar. Beýleki 10 wagtlaýyn agza BMG-niň 5 geografik toparynyň arasyndan Baş Assambleýada saýlanýar.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Demirgazyk akym boýunça Rezolýusiýany kabul etmedi
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň täze düzümi
ABŞ, Palestinanyň BMG-na Doly Agzalygyna Garşy Ses Berdi
BMG-de Howpsuzlyk Geňeşiniň täze hemişelik däl bäş agzasy saýlandy
Togo we Gabon Milletler arkalaşygynyň agzalary boldy
Ekwador, Ýaponiýa, Malta, Mozambik we Şwesiýa BMG-nyň HG-niň Wagtlaýyn Agzalygyna Saýlandy