BMG-de Howpsuzlyk Geňeşiniň täze hemişelik däl bäş agzasy saýlandy

BMG-de Howpsuzlyk Geňeşiniň täze hemişelik däl bäş agzasy saýlandy

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň wekilleri Maltany, Mozambigi, Şweýsariýany, Ekwadory we Ýaponiýany BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň täze hemişelik däl agzalary hökmünde saýladylar.Bu ýurtlaryň wekilleri 2023-2024-nji ýyllaryň dowamynda Geňeşiň işine gatnaşarlar.

Mozambik üçin 192 ýurt, Ýaponiýa üçin 184, Ekwador üçin 190, Şweýsariýa üçin 187, Malta üçin 185 ýurt ses berdi diýip, news.un.org habar berýär.

Ýatlap geçsek, Howpsuzlyk Geňeşiniň düzümine 15 döwlet girýär, olardan bäşisi Geňeşiň hemişelik agzasy bolup, weto hukugyna eýedir Russiýa, Hytaý, ABŞ, Beýik Britaniýa we Fransiýa.Geňeşiň hemişelik däl 10 agzasy iki ýyl möhlet bilen saýlanýar.

Her ýyl olaryň bäşisi çalşylýar.Dalaşgärler bäş sebitleýin topar tarapyndan hödürlenýär: Afrika, Latyn Amerikasy we Karib, Gündogar Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş umman sebiti, şeýle-de Günbatar Ýewropa we “beýleki” döwletler.

Malta, Mozambik, Şweýsariýa, Ekwador we Ýaponiýa Geňeşiň geçen ýyl saýlanan hemişelik däl agzalary bolan Albaniýa, Gabona, Gana, Braziliýa we BAE-ne goşular.Täze saýlanan hemişelik däl agzalar Hindistanyň, Irlandiýanyň, Keniýanyň, Meksikanyň we Norwegiýanyň ornuna geçer.

BMG-niň Düzgünnamasyna laýyklykda, Howpsuzlyk Geňeşi halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin jogapkärdir.Bu karary Guramanyň ähli agzalary üçin hökmany bolan BMG-niň ýeke-täk edarasydyr.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň täze düzümi
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň wagtlaýyn agzalary işe girişdi
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Demirgazyk akym boýunça Rezolýusiýany kabul etmedi
Togo we Gabon Milletler arkalaşygynyň agzalary boldy
OPEC döredildi
ABŞ, Palestinanyň BMG-na Doly Agzalygyna Garşy Ses Berdi