BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Demirgazyk akym boýunça Rezolýusiýany kabul etmedi

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Demirgazyk akym boýunça Rezolýusiýany kabul etmedi

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi 27-nji martda geçen ýygnagynda Russiýa Federasiýasy we Hytaý tarapyndan Demirgazyk akym gaz geçirijilerinde amala aşyrylan ýykgynçylygy halkara derejede derňemek barada hödürlenen Rezolýusiýany kabul etmedi. Bu barada TASS habar berdi.

Resminamany RF, Hytaý we Braziliýa goldady. 12 döwlet, ýagny Albaniýa, Birleşen Patyşalyk, Gabon, Şweýsariýa, Malta, Gana, Mozambik, Birleşen Ştatlar, BAE, Fransiýa, Ýaponiýa we Ekwador saklandy.

Rezolýusiýa garşy hiç bir ýurt ses bermedi.

Resminama awtordaşlar bolup Belarus we birnäçe ýurtlar çykyş etdi, emma HG-iň düzümine girmänsoňlar, olar ses berlişige gatnaşmadylar.

Rezolýusiýanyň kabul edilmegi üçin 15 ýurduň 9-synyň goldamagy gerek, şeýle-de Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalarynyň hiç biri (Russiýa, HHR, ABŞ, Fransiýa we Beýik Britaniýa) oňa garşy ses bermeli däl.

Russiýa Demirgazyk akymlarda amala aşyrylan ýykgynçylyk boýunça Rezolýusiýanyň birinji nusgasyny geçen aýyň aýagynda teklip edipdi. RF guramanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň agza ýurtlaryndan bu resminamany ara alyp maslahatlaşmagy talap etdi. Mundan soň geňeşmeleriň üç tapgyry geçirildi.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň wagtlaýyn agzalary işe girişdi
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň täze düzümi
BMG-de Howpsuzlyk Geňeşiniň täze hemişelik däl bäş agzasy saýlandy
Togo we Gabon Milletler arkalaşygynyň agzalary boldy
OPEC döredildi
Çaý Eksportundan 25 Million 388 Müň 621 Dollarlyk Girdeji Gazanyldy