BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň täze düzümi

BMG-niň ştab-kwartirasynda Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl bäş agzasynyň baýdaklary galdyryldy. Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan Malta, Mozambik, Şweýsariýa, Ekwador we Ýaponiýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalary hökmünde öz orunlaryny eýelediler. Olaryň iş möhleti iki ýyl.

Howpsuzlyk Geňeşi 15 döwletden ybarat bolup, Russiýa, Hytaý, ABŞ, Beýik Britaniýa we Fransiýa ýaly bäş ýurt Geňeşiň hemişelik agzalarydyr.Geňeşiň hemişelik däl 10 agzasy iki ýyllyk möhlete saýlanýar.

Olaryň bäşisi her ýyl çalşylýar.Dalaşgärler bäş sebit topary bolan Afrika, Latyn Amerikasy we Karib deňzi, Gündogar Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti, Günbatar Ýewropa we beýleki döwletler tarapyndan hödürlenýär.

Malta, Mozambik, Şweýsariýa, Ekwador we Ýaponiýa 2021-nji ýylda saýlanan Albaniýa, Gabon, Gana, Braziliýa we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly Geňeşiň hemişelik däl agzalaryna goşuldy. Täze saýlanan hemişelik däl agzalar Hindistanyň, Irlandiýanyň, Keniýanyň, Meksikanyň we Norwegiýanyň ornuny tutdy.

BMG-niň Düzgünnamasyna laýyklykda, Howpsuzlyk Geňeşi halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin esasy jogapkärçiligi öz üstüne alýar. Bu BMG-niň ýeke-täk guramasy bolup, onuň kararlary guramanyň ähli agzalary üçin hökmany häsiýete eýedir. Resmi baýdak galdyrmak dabarasy BMG-de täze girizilen düzgündir. Ol ilkinji gezek 2018-nji ýylda Gazagystanyň başlangyjy boýunça ýola goýuldy.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Demirgazyk akym boýunça Rezolýusiýany kabul etmedi
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň wagtlaýyn agzalary işe girişdi
BMG-de Howpsuzlyk Geňeşiniň täze hemişelik däl bäş agzasy saýlandy
Togo we Gabon Milletler arkalaşygynyň agzalary boldy
ABŞ, Palestinanyň BMG-na Doly Agzalygyna Garşy Ses Berdi
Ekwador, Ýaponiýa, Malta, Mozambik we Şwesiýa BMG-nyň HG-niň Wagtlaýyn Agzalygyna Saýlandy