Amerikan geofizikler birleşigi: 2100-nji ýyla çenli tomus ýarym ýyl dowam eder

Amerikan geofizikler birleşigi: 2100-nji ýyla çenli tomus ýarym ýyl dowam eder

Amerikan geofizikler birleşiginiň alymlary üýtgäp durýan howa şertlerinde pasyllaryň nähili üýtgeýändigini hasaplamak kararyna geldiler. Olar 1952-nji ýyldan 2011-nji ýyl aralygyndaky gündelik howa maglumatlaryny seljerip, bu döwürde tomsuň 17 gün uzalandygyny, gyşyň üç gün gysgalandygyny anykladylar. Bu barada news.mail.ru habar berýär.

Temperaturanyň üýtgemegi ol ýa-da beýleki bir möwsümi kesgitlemekde başlangyç nokat hökmünde kabul edildi.Eger birnäçe hepdäniň dowamynda öňki görkezijiden 25% ýokary ýa-da pes durnukly temperatura dörän bolsa, täze temperaturanyň ilkinji güni täze möwsümiň başlangyjy hökmünde kabul edildi.

Alymlar derňew işiniň dowamynda ýazyň we tomsuň ir, güýz bilen gyşyň giç başlaýandygyny anykladylar.Pasyllaryň aýlawynyň üýtgemegi, esasan, Ortaýer deňzinde we Tibetde göze ilýär.Hünärmenler alnan maglumatlaryň esasynda temperatura modellerini guradylar.

Dünýäde howa üýtgemeleriniň netijelerini gowşatmak boýunça ähmiýetli çäreler görülmese, XXI asyryň ahyryna çenli planetada alty aýlyk tomus bolar. Şol bir wagtyň özünde gyş, güýz we ýaz gysgalyp, iki aý töweregi dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda ýitip barýan iri şahly mallary nusgaladylar
Täze howa menzili gurlar
Ýokary tizlikli otly ýoly gurulýar
Tibetde Ýer Titremesi Boldy
Dünýäniň iň owadan obalary
Ýagyş kölegesi hadysasy