Dünýäniň iň owadan obalary

Dünýäniň dürli ýerlerinde tebigy we binagärlik gözellikleri bilen görenleri haýrana goýýan obalar we şäherçeler bar. Uly şäherlerden uzakda ýerleşýän bu ilatly nokatlaryň owadanlygy jahankeşdeleri hem özüne çekýär. Syýahatçylyk bilermenleri şeýle obalaryň sanawyny taýýarlapdyrlar. Geliň, bu obalaryň gysgaça sanawyna seredeliň!

Garmiş-Partenkirhen. Germaniýanyň günortasyndaky bu şäherçe dag eteginde ýerleşýär. 1936-njy ýylda bu ýerde IV gyşky Olimpiýa oýunlary geçirilýär. Gözel dag tebigatynyň jümmüşindäki şäherçede gyşyna şaglawuklaryň doňmagy bu ýeriň syýahatçylyk ähmiýetini has hem artdyrýar.

Gimalaý dagyndaky oba. Hytaýyň Tibet sebitinde Gimalaý daglarynyň eteklerinde ululy-kiçili birnäçe oba bar. Bu obalara diňe pyýada ýa-da müngi haýwanlary bilen baryp bolýar.

Reýne. Norwegiýanyň Moskenesoýa adasyndaky bu obanyň ýaşaýjylary, esasan, balyk tutmak bilen meşgullanýarlar. Obanyň ilaty 300 adamdan gowrak.

Gasadalur. Şotlandiýanyň demirgazygyndaky Farer adalaryndaky bu täsin oba diňe deňizden baryp bolýar. Bu ýerde deňiz kenary uçut gaýaly bolup, oba barmak üçin ýörite gurlan basgançaklardan ýokaryk çykmaly. Oba deňizden 213 metr belentde ýerleşýär.

Kolmar. Fransiýanyň gündogaryndaky Elzas welaýatyndaky bu obanyň ýaşaýjylary üzüm ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Ilatly nokadyň içinden akyp geçýän kanallar sebäpli bu ýere kiçi Wenesiýa hem diýilýär.

Hallştatt. Awstriýanyň demirgazygynda adybir kölüň kenaryndaky obanyň taryhy miladydan ozalky bäş müňünji ýyllara baryp ýetýär. 1997-nji ýylda ilatly şäherçe ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilýär.

Aýgül Annanepesowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş

uniwersitetiniň talyby.

The post Dünýäniň iň owadan obalary appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenleriň arasynda familiýalardaky rus goşulmalaryny taşlamak meýilleri artýar, türk atlary meşhurlyk gazanýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
10.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Annanepesow M.N. hakynda
01.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Annanepesow M.N. hakynda