Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda $3,3 milliardlyk 180 taslamany amala aşyrýarlar

Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda $3,3 milliardlyk 180 taslamany amala aşyrýarlar

Häzirki wagtda Türkmenistanda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 3,3 milliard ABŞ dollaryna deň bolan 180 sany taslama alnyp barylýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew sişenbe güni öz işine başlan Türkmen-amerikan işewürlik forumynda eden çykyşynda aýtdy.

Wise-premýer bularyň esasan hem “Boeing”, “General Electric” we “John Deere” ýaly kompaniýalaryň taslamalarydygyny belledi. Şeýle hem Batyr Atdaýew öz çykyşynda Türkmenistanyň ýurtda ylmy we innowasiýa pudaklaryny döretmek üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) maýa goýumlaryny we tehnologiýalaryny çekmekde uly mümkinçilikleri görýändigini aýtdy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary geçen ýyl Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberiniň 38,7 million ABŞ dollaryna, 2023-nji ýylyň ýanwar oktýabr aýlarynda bolsa 65,12 million ABŞ dollaryna deň bolup, şu ýylyň on aýynyň görkezijisiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki esse köpdügini aýtdy.

Wise-premýer Batyr Atdaýewiň aýtmagyna görä, Türkmenistandan ABŞ-a eksport edilýän esasy harytlar nebit-gaz toplumynyň we himiýa senagatynyň önümleri bolup durýar. Türkmenistan esasan enjamlary we gurallary, metal önümlerini, ulag serişdelerini we ätiýaçlyk şaýlaryny hem-de azyk önümlerini import edýär.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasynda sişenbe güni türkmen-amerikan işewürlik forumy öz işine başlady we 7-nji dekabra çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda amerikan maýa goýumynyň gatnaşmagyndaky 3,3 milliard dollarlyk 180 taslama hasaba alyndy
Serdar Berdimuhamedow amerikaly işewürleri kabul etdi
Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan ABŞ işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmen wekiliýeti “TürkmenistanABŞ” işewürlik geňeşiniň wekilleri bilen duşuşdy