Amerikanyň Barjam hakda iki ýüzli we gapma-garşylykly hereketlerini Eýanyň tankytlamagy

Amerikanyň Barjam hakda iki ýüzli we gapma-garşylykly hereketlerini Eýanyň tankytlamagy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iki ýüzli we gapma-garşylykly hereketlerini bir gapdala goýmalydygyny Amir-Abdollahyýan aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Amir-Abdollahyýan we ÝB-niň daşary syýasat başlygy Jozef Borrell şenbe güni Wena gepleşiklerinde sanksiýalary ýatyrmak baradaky soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Amir Abdollahyýan, ylalaşyk gazanmak ugrundaky Borrelliň tagallalaryna ýokary baha bermek bilen we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Dolandyryjylar Geňeşinde karar çykarmakdaky konstruktiw we howlukmaç hereketlerini tankytlamak bilen, gepleşikleri dowam etdirmek haýyşyna jogap berip, Tehran logiki we netijä esaslanýan gepleşige Elmydama garşýandygyny, ýöne gowy we dowamly ylalaşyk gazanmak üçin beýleki tarapyň goşa we gapma-garşylykly hereketlerini bir gapdala goýmalydygyny nygtady.

Bu telefon söhbetdeşliginde Jozef Borrell gutarnykly ylalaşyga gelmekde oňyn rol oýnamagy dowam etdirmek isleýändigini aýtdy we häzirki ýagdaýdan çykmagyň ýoly diplomatiýa alyp barmak we konstruktiw däl hereketlerden gaça durmakdygyny aýtdy. Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy , oňat we dowamly ylalaşyk gazanmak üçin Eýranyň döredijilikli erkini kabul edip,"Wenada ylalaşyk gazanmakdan uzakda däldirs we gepleşikleri çalt dowam etdirilmeli we dartgynlylygyň ýokarlanmagyna garşy bolmaly diýdi.

ABŞ-nyň Eýrana we Barjama garşy goşa we gapma-garşylykly hereketlerini bir gapdala goýmagyň zerurdygyna Eýranyň ýene-de bir gezek ünsi çekmegi, Baýden hökümetiniň bu meselede goşa pozisiýasyny we hereketlerini göz öňünde tutsaň manysy bardyr.

Soňky ýyllarda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Eýran bilen ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmek üçin birnäçe gezek çagyryş berdi.Hatda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs hem soňky pozisiýasynda bu şertnama dolanmagyny ABŞ-nyň bähbidine wasp etdi. Şeýle-de bolsa, bu wadalardan takmynan iki ýarym ýyl geçmegine garamazdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Barjam we Eýran babatdaky pozisiýalary , hereketleri we gapma-garşylykly çemeleşmeleri has aýdyň boldy.

Ýene degişli makalalar

Kanani Çafi: ýadro şertnamasyny dikeltmek hakda çynlakaý päsgelçilik ýok
Eýranyň Prezidenti 22-24-nji aprelde Pakistana barar
Kabulda Owganystana goňşy ýurtlaryň wekilleriniň duşuşygy geçirildi
TOPH taslamasynyň çäginde Hyratda amaly işe girişmek meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministri Owganystana Iş Saparyny Gurady
Arkadag şäherinde Täze ýyla taýýarlyk işleri alnyp barylýar, Türkmenistanda Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine kabul ediljek dalaşgärleri seçip almak işleri geçiriler, 27-nji dekabrda Aşgabatda ýaşlaryň dabaraly maslahaty öz işine başlar we b
Türkmen wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy