Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ikinji günüň netijeleri

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ikinji günüň netijeleri

Şu gün Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ikinji gününiň duşuşyklary geçirildi. Olarda Türkmenistanyň Galkan, Belarusyň Wolat, Gazagystanyň Akmola we Eýranyň Ice Box toparlary garşydaşlaryndan üstün çykdylar.

Has takygy, günüň birinji ýarymynda Galkan Omanyň Oman Nationals toparyny 15:1 hasabynda ýeňip, şu ýaryşyň iň uly hasaply ýeňşini gazandy. Şeýle hem günüň birinji ýarymynda Wolat Türkiýäniň Team Turkiye toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy.

Günüň ikinji ýarymyndaky duşuşyklarda Ice Box Bahreýni 8:1, Akmola bolsa Dordoýy 5:3 hasabynda utdy.

Halkara ýaryşyň A we B toparçalarda geçirilýändigini ýatladýarys. Ýaryş 20-nji aprelde tamamlanar.

Hokeý boýunça halkara ýaryş, 2-nji günüň netijeleri:

Galkan (Türkmenistan) ― Oman Nationals (Oman) ― 15:1.

Tapawutlananlar: Döwlet Hydyrow, Gurbanmyrat Taňňyýew, Arslan Geldimyradow, Baýmyrat Baýmyradow, Begenç Döwletmyradow, Perhat Atekäýew, Erkin Kakabaýew (2 şaýba), Pawel Barkowskiý (2 şaýba), Döwrangeldi Baýjaýew, Muhammetýar Nuryýew, Öwezguly Esenow, Nowruz Baýhanow (2 ) ― Ibrahim Al-Gabsi.

Wolat (Belarus) ― Team Turkiye (Türkiýe) ― 3:0.

Tapawutlananlar: Swýatoslaw Zasadkiý, Eduard Grinn, Arseniý Ýankowskiý.

Ice Box (Eýran) ― Bahreýn (Bahreýn) ― 8:1.

Tapawutlananlar: Gafuri Arşiýa (2 şaýba), Heidari Amir (2 şaýba), Keýhanfar Jalal, Taiik Hossein, Gaharzade Matin, Abdollahi Mahbod ― Abdulla Mohamed Hulaif Saýer.

Akmola (Gazagystan) ― Dordoý (Gyrgyzystan) ― 5:3.

Tapawutlananlar: Wladislaw Kurmelewskiý (3 şaýba), Stanislaw Smaglýuk, Mihail Tarasow ― Mamed Seýfulow, Ersultan Mirbekow.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: bäşinji günüň netijeleri
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişdi
Prezident Erdogan Gündogar Iýerusalim we Aksa metjidi bilen bagly beýanat berdi