Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri

Şu gün ― 17-nji aprelde hokkeý boýunça Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara ýaryşda 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklar Türkmenistanyň Galkan, Özbegistanyň Feniks, Belarusyň Wolat we Tatarystan Respublikasynyň Adihis Kazan toparlarynyň nobatdaky ýeňişlerine beslendi.

Günüň birinji ýarymynda Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly zalynda geçirilen duşuşykda Galkan Eýranyň Ice Box toparyny 13:1 hasabynda ýeňip, ýaryşyň medallary üçin göreşmäge hukuk gazanan ilkinji topar bolmagy başardy. Bu duşuşyk bilen ugurdaşlykda kiçi zalda geçirilen duşuşykda bolsa Wolat Gazagystanyň Akmola toparyny 6:4 hasabynda ýeňdi.

Sagat 13:00-da başlanan duşuşyklarda Feniks Bahreýnden 13:3, Adihis Kazan bolsa Team Turkiye toparyndan 5:1 hasabynda üstün çykdy.

Yzda galan üç tapgyrdan soň A toparçada Galkan 9 utuk bilen birinji, Feniks 6 utuk bilen ikinji orny eýeleýär. B toparçada bolsa Akmola, Adihis-Kazan we Wolat toparlarynyň her haýsynda 6 utukdan bar.

Halkara ýaryşda ertir ― 18-nji aprelde 4-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Tapgyryň çäklerinde günüň birinji ýarymynda Galkanyň Feniks bilen duşuşmagyna garaşylýar. Bu duşuşyk toparçada birinji orny eýeläp, finala çykjak topary kesgitlär.

Hokkeý boýunça halkara ýaryş, 3-ji tapgyryň netijeleri:

Galkan (Türkmenistan) ― Ice Box (Eýran) ― 13:1.

Tapawutlananlar: Erkin Kakabaýew, Arslan Geldimyradow, Ahmet Gurbanow, Begenç Döwletmyradow, Pawel Barkowskiý, Serdar Kakajanow, Perhat Atekäýew (3 şaýba), Arslan Nuryýew, Öwezguly Esenow, Aleksandr Wahowskiý, Musa Annasaparow ― Maziar Gorbani.

Wolat (Belarus) ― Akmola (Gazagystan) ― 6:4.

Tapawutlananlar: Swýatoslaw Zasadskiý, Wladislaw Kowalýow, Eduard Grinn, Nikita Trubisin, Witaliý Marçenklo, Alekseý Zasim ― Sergeý Sokol, Wladislaw Kurmalewskiý (2 şaýba), Mihail Tarasow.

Feniks (Özbegistan) ― Bahreýn (Bahreýn) ― 13:3.

Tapawutlananlar: Behruz Najmiýew (5 şaýba), Saidabror Boboýew, Abdusamad Nasirow, Daniel Kogan (88), Abdulbosit Abdumalikow, Akim Muhamedow, Otabek Umarow, Danat Raşidow ― Sameh Talat Hasan Hegazi, Salman Raşed Mohamed Ali Sulaibih, Abdulrahman Isa A.Turki.

Adihis-Kazan (Tatarystan) ― Team Turkiye (Türkiýe) ― 5:1.

Tapawutlananlar: Isa Ahmarow, Raşat Ismagilow, Ilnur Ganiýew, Artur Zaripow, Adel Awzalow ― Kerem Altun.

Ýaryş tertibi:

“A” toparça

“B” toparça

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ikinji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: bäşinji günüň netijeleri
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişdi
Prezident Erdogan Gündogar Iýerusalim we Aksa metjidi bilen bagly beýanat berdi