Ibrahim Kalyn Türkiýe-ABŞ gatnaşyklarynyň üstünde durup geçdi

Ibrahim Kalyn Türkiýe-ABŞ gatnaşyklarynyň üstünde durup geçdi

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly metbugata beýanat berdi.

Türkiýe-ABŞ gatnaşyklarynyň uzak bir taryhynyň bardygyny aýdan Kalyn: "Bu taryhy etap içinde ençeme beýgelişli we peselişli tapgyrdan geçildi. Tapawutly hökümetler başa geçen mahaly wagtal-wagtal gatnaşyklarymyzyň örän gowy, netijeli bolan wagtlary hem başymyzdan geçirdik, dartgynlyklaryň bolan wagtlaryny hem başymyzdan geçirdik. Emma üýtgemeýän zat, Türkiýäniň sebitdäki strategik ähmiýediniň hiç wagt azalmadygydyr" diýip belledi.

Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň strategik ähmiýeti sebäpli Türkiýe bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek islejekdigini aýdan Kalyn: "Elbetde düşünişmezçilik başymyzdan geçirýän ençeme meselämiz bar.F-35 kysymly uçarlaryň berilmezligi, KAATSA sanksiýalary, Russiýadan satyn alynan S-400 howa goranyş ulgamy ýaly meseleler boýunça düşünişmezçilikler bar.

FETÖ-niň ABŞ-daky barlygy we entege çenli bulara garşy Türkiýäni kanagatlandyrjak çäreleriň görülmezligi, mundan başgada ekstremist terror guramasy PÝD/ÝPG-e berilýän goldawlar ýaly meseleler şolaryň arasynda esasylar bolup durýar" diýip habar berdi.

ABŞ-nyň PÝD/ÝPG-e berýän goldawynyň Türkiýäniň milli howpsuzlygyna gönüden howp salýan meseledigini aýdan Kalyn: "PÝD/ÝPG babatynda, ABŞ-nyň ýalňyş syýasatyny dowam etdirmegi, Siriýa meselesine çözgüt getirmeýşi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy has hem dartgynlaşdyrýar we zyýan ýetirýär. Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümet bu syýasaty indi örän gowy edip gözden geçirmelidir" diýip mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

“Jo Baýdenden Tapawutly Çemeleşme we Gowy Niýet Görmedik”
Prezident Erdogan 21-nji mart Bütindünýä Daun sindrom habardarlyk güni mynasybetli beýanat berdi
Gruziýada koronawirus epidemiýasy sebäpli görülýän öňüni alyş çäreler protest edildi
Liwanyň Premýer ministri: "Ýurt çöküşiň bosagasynda" diýdi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Ahalyň yklym ýaryşyndaky statistikasy
"Biziň tamamyz NATO-nyň birligine we jebisligine güýç goşjak pozisiýany ABŞ-dan görmekdir"