Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Galkan hokkeý topary şu günler Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara ýaryşyň finalyna çykmagy başaran ilkinji topar boldy. Galkan bu hukugy şu gün 4-nji tapgyrda Özbegistanyň Feniks toparyny uly hasap bilen ýeňenden soň gazandy.

Günüň birinji ýarymynda Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly zalynda Feniks bilen duşuşan Galkan A toparçadaky esasy bäsdeşini 9:1 hasabynda ýeňip, toparçalaýyn tapgyrdaky duşuşyklarynyň ählisini hem ýeňiş bilen tamamlady.

Bu ýeňişler Galkanyň utugyny 12-ä çykardy. Şu gün Galkandan asgyn gelen Feniks bolsa ertir ýeňiş gazanaýan-da hem 9 utuk bilen ikinji orny eýeläp, umumy ýaryşyň üçünji orny ugrundaky göreşe goşular.

Günüň beýleki duşuşyklarynda Adihis-Kazan Wolaty 5:3, Ice Box Oman Nationals-y 6:0, Dordoý bolsa Team Turkiye toparyny 4:2 hasabynda ýeňdi.

4-nji tapgyrdan soň A toparçada Galkanyň 12, Feniks bilen Ice Box-yň 6 utugy bar. Dört tapgyrda üç duuşykda geçiren Bahreýn we Oman nationals toparlary bolsa heniz utuk gazanyp bilmedi.

Bassyr üçünji duşuşygynda üç ýeňiş gazanan Adihis-Kazan B toparçada 9 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär. Kazandan gelen hokkeýçileriň finalda Galkanyň garşydaşy bolmak mümkinçiligi has ýokary.

6 utukly toparlardan Wolat ikinji, Akmola üçünji orny eýeleýär. Toparçada Dordoýyň 3 utugy bar. Halkara ýaryşdaky çykyşlaryny tamamlan Team Turkiye bolsa bir utuk hem gazanyp bilmedi.

Halkara ýaryşda toparçalaýyn tapgyryň jemleýji duşuşyklary ertir ― 19-njy aprelde geçiriler. 20-nji aprelde bolsa birinji, ikinji we üçünji orunlaryň eýelerini kesgitlejek duşuşyklar bolar. Bassyr dört duşuşyk geçiren Galkan ertir finalyň öňüsyrasynda dynç alar.

Galkan (Türkmenistan) ― Feniks (Özbegistan) ― 9:1.

Tapawutlananlar: Perhat Atekäýew (5 şaýba), Erkin Kakabaýew (2 şaýba), Baýmyrat Baýmyradow, Muhammetýar Nuryýew ― Daniel Kogan.

Wolat (Belarus) ― Adihis-Kazan (Tatarystan) ― 3:6.

Tapawutlananlar: Eduard Grinn (2 şaýba), Nikita Trubisin ― Adel Awzalow (3 şaýba), Aidar Miftahow, Nasser Subhi, Artur Zaripow.

Oman Nationals (Oman) ― Ice Box (Eýran) ― 0:6.

Tapawutlananlar: Arşiýa Gafuri, Matin Gaharzade (3 şaýba), Abdolfazi Eslami (2 şaýba).

Team Turkiye (Türkiýe) ― Dordoý (Gyrgyzystan) ― 2:4.

Tapawutlananlar: Ömer Güngör, Burhanettin Bakanogly ― Adil Bekmuratow, Žanbolot Tagaýew, Mamed Seýfulow (2 şaýba).

Ýaryş tertibi

“A” toparça

“B” toparça

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ikinji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: bäşinji günüň netijeleri
TÝL ― 2022: Kerim Hojaberdiýew ilkinji bäşlige girdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny