Amerikanyň üçünji iri banky batdy

Amerikanyň üçünji iri banky batdy

Amerikanyň JPMorgan transmilli maliýe konglomeraty golaýda batan First Republic Bank maliýe edarasyny satyn aldy diýip, Bloomberg neşirine saglylanýan Habar 24 ýazýar.

First Republic Bank batandygyny resmi yglan etdi, onuň paýnamalary 50 göterim pese gaçdy, sazlaýjylar bolsa bank üçin täze eýeleri gözlemäge gyssagly girişdi.

Bankyň täze eýesi JPMorgan konglomeraty batan maliýe edarasynyň ähli aktiwlerini öz üstüne alar, olar 170 milliardlyk karz serişdeler, 30 milliardlyk gymmatbaha kagyzlar hem-de 92 milliard dollarlyk depozitlerdir.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Merkezi bankynyň başlygy ilkinji gezek zenan boldy
“Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçylary çemodanlarynyň açylmagyndan we bagaždaky çilimleriniň ýitmeginden nägile bolýarlar
76-njy “Altyn globus” baýraklarynyň ýeňijileri
Owazasy dünýä dolan “Gün sirki”
Document on the establishment of the Delegation of the European Union in Turkmenistan was signed in Ashgabat