76-njy “Altyn globus” baýraklarynyň ýeňijileri

Oskaryň buşlukçysy hasaplanýan “Altyn globus” baýraklarynyň 76-njy gowşurylyşy uly dabara bilen Los Anjelesdäki Bewerli Hills myhmanhanasynda geçirildi.Golliwuddaky daşary ýurtly žurnalistler guramasy tarapyndan berilýän “Altyn globus” baýraklarynyň şu ýylky dabarasyny Sandra Oh bilen Endi Samberg alyp bardy.

Dabarada iň gowy drama filmi baýragyna “Bogemian Repsodi” (Bohemian Rhapsody), iň komediýa ýa-da sazly film baýragyna-da “Ýaşyl kitap” (Green Book) kinosy laýyk görüldi.Iň gowy aktýor baýragyny drama filmleri üçin Rami Malek (“Bogemian Repsodi”), komediýalar üçinem oskarly Kristian Beýl (“Wise-prezident”, Vice) eýeledi.

Iň gowy aktrisa baýraklaryna-da drama filmlerinden Glenn Klouz (“Aýal”, The Wife) bilen komediýa filmlerinden Oliwiýa Kolman (“Söýgüli”, The Favourite), mynasyp boldy.Ikinji plandaky iň gowy aktýor we aktrisa baýraklary-da degişlilikde Maherşala Ali (“Ýaşyl kitap”) bilen Rejina Kinge (“Bil Strit gürläp bilsedi”, If Beale Street Could Talk) gowşuryldy.

Oskarly režissýor Alfonso Kuaron özüniň täze filmi “Roma” bilen 2 baýrak gazandy.Meksikaly hünärmen iň gowy režissýor hem-de daşary ýurt dilindäki iň gowy film baýraklaryna laýyk görüldi.

Iň gowy ssenariý baýragy “Ýaşyl kitap” filminiň ssenariçilerine berildi.Meşhur aýdymçy Leýdi Gaganyň baş keşpde çykyş eden “Ýyldyz dogulýar” (A Star Is Born) filminde özüniň ýerine ýetiren “Shallow” aýdymy iň gowusy diýlip saýlandy.

Iň gowy saz diýlen ugurda “Altyn globusy “Ilkinji adam” (First Man) filminiň kompozitory Jastin Hurwitz eýeledi.Iň gowy animasiýa diýlibem “Möý adam: älem bilen” (Spider-Man: Into the Spider-Verse) multfilmi yglan edildi.“Altyn globus” diňe bir filmleriň däl eýsem teleseriallaryň arasynda-da iň gowularyny saýlaýar. Şoňa görä-de, iň gowy drama serialy “Amerikanlar” (The Americans), iň gowy komediýa ýa-da sazly serial diýlen ugurda-da “Kominskiniň usuly” (The Kominsky Method) tapawutlandy.

Drama seriallarynyň iň gowy aktýory we aktrisasy baýraklary bilen degişlilikde, Riçard Madden (“Janpena”, Bodyguard) hem-de Sandro Oh (“Iwi öldürmek”, Killing Eve) sylaglandy.Sandro Oh bu hormata laýyk görlen ikinji aziýaly artist boldy.

Komediýa ýa-da sazly seriallardan Maýkl Duglas (“Kominskiniň usuly”) bilen geçen ýylyň ýeňijisi Raçel Brosnahen (“Haýran galdyryjy hanym Maýzel”, The Marvelous Mrs.Maisel) iň gowy aktýor we aktrisa diýlip yglan edildi.

Iň gowy kiçiserial ýa-da telefilm diýlibem “The Assassination of Gianni Versace: American Crime Story” serialy saýlandy.Bu serialyň ýyldyzlaryndan Darren Kriss iň gowy aktýor saýlanypdy.Kiçiserial ýa-da telefilmleriň iň gowy aktrisasy hökmünde-de Patrisia Arkett (“Escape at Dannemora”) ykrar edildi. Şeýle-de Ben Wişow (“A Very English Scandal”) bilen Patrisia Klarkson (“Sharp Objects”) seriallaryň, kiçi seriallaryň ýa-da telefilmleri ikinji plandaky iň gowy aktýory we aktrisasy baýraklaryna laýyk görüldi.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Blokbasterlere gatnaşandygy üçin iň ýokary hak alýan Golliwud aktýorlarynyň sanawy düzüldi
Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Ispaniýaly Sançes karate boýunça taryhda ilkinji Olimpiýa çempiony boldy
Erkeklerde-de, zenanlarda-da italýanlar altyn medala mynasyp boldy