Milli ýygyndylarymyzyň täze tälimçileri

Türkmenistanyň futbol hem-de futzal ýygyndylarynyň baş tälimçiligine horwatiýaly tälimçiler bellenildi.Golaýda paýtagtymyzdaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş sport mekdebiniň mejlisler zalynda tälimçiler bilen duşuşyk geçirildi.Bu tanyşdyrylyş çäresine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň, ýurdumyzyň futbol hünärmenleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda tälimçiler özleriniň täze wezipeleri barada žurnalistleriň beren sowallaryna jogap berdiler. Şunlukda, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçiligine Ante Mişe bellenildi. 51 ýaşly hünärmen futbolçylyk ýyllarynyň aglabasyny Horwatiýanyň iň meşhur topary “Haýduk Splitde” (19851994, 19972003) geçirdi. Ýarymgoragçy bolup oýnan Mişe Gollandiýanyň “Witesse” toparynyň köýnekçesini hem geýdi (19941997).

Horwatiýanyň milli ýygyndysynda-da 7 duşuşyk geçiren Mişe karýerasy boýunça klublarda 305 oýunda 24 gezek tapawutlandy. 2008-nji ýylda tälimçilige başlan Mişe “Haýduk Split”, “Dogožýe”, “Witez” ýaly klublara tälim berdi.

Ol 201517-nji ýyllarda Horwatiýanyň baş tälimçisiniň kömekçisi bolup işledi.Onuň kömekçisi hem-de derwezeçileriň tälimçisi wezipesine-de Sandro Tomiç bellenildi. 46 ýaşyndaky hünärmen “NK Primorak”, “Haýduk Split”, “NK Istra”, “NK Zagreb”, “Debreseni”, “Budapeşt Honwed”, “PAS Hamedan”, “NK Imotski” ýaly dürli klublaryň derwezesini gorady.

Türkiýäniň “Karabükspor”, “Galatasaraý” klublarynda-da derwezeçileriň tälimçisi bolup işledi. Şeýle-de Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň baş tälimçiligine horwatiýaly Robert Grdowiç bellenildi.Tälimçileriň üçüsi bilen hem 1+1 ýyllyk şertnama baglaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol we futzal boýunça ýygyndylaryna horwat tälimçileri ýolbaşçylyk eder
Tälimçi Daliç Horwatiýanyň gutarnykly düzümini mälim etdi
Lebabyň hassahanalaryndaky şertler näsaglary alada goýýar
Aşgabadyň käbir etrapçalarynda ýene split-ulgamlary sökülýär
Aşgabatda kondisionerleri aýyrmak çäresi täzeden güýçlendi
Aşgabatda kondisionerler aýrylýar, ýene-de