Türkmenistanyň futbol we futzal boýunça ýygyndylaryna horwat tälimçileri ýolbaşçylyk eder

“Gündogar” saýtynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy futbol we futzal boýunça milli toparlaryň täze baş tälimçileriniň bellenilendigini yglan etdi. Futbol ýygyndysyna horwat treneri Ante Mişe (suratda), mini-futbol ýygyndysyna onuň watandaşy Robert Grdowiç ýolbaşçylyk eder.

Neşiriň goşmaça maglumatyna görä, 51 ýaşyndaky Ante Mişe ozalky futbolçy bolup, sport karýerasynyň uly bölegini Horwatiýanyň Split şäherindäki “Haýduk” klubynda geçirdi.Ol baş tälimçi hökmünde horwat we bosniýa klublarynyň birnäçeine ýolbaşçylyk etdi.

Horwatiýanyň ýygyndy komandasynyň bäş tälimçisi Ante Çaçiçiň (2016-2018) kömekçisi boldy we onuň bilen bilelikde, kanagatlanarsyz netijeler üçin, işden boşadyldy. Ýygyndy komanda derejesinde özbaşdak baş tälimçi hökmünde iş tejribesi ýok.

Türkmenistanyň futzal boýunça täze baş tälimçisi, 45 ýaşyndaky Robert Grdowiç ozal tanymal futbolçy bolup, Horwatiýanyň we Italiýanyň futzal klublarynda çykyş etdi. Oýunçy karýerasyny 2011-nji ýylda bes etdi we soňra birnäçe horwat klubynda tälimçi bolup işledi. Soňky iş ýeri Horwatiýanyň futzal boýunça ýygyndysynyň tälimçi-geňeşçisi.

“Turkmenportal” neşiri Ante Mişe bilen söhbetdeşlik çap etdi, onda täze tälimçi Türkmenistandaky futbolyň ýagdaýy hakynda tankydy pikirlerini aýtdy.

“Milli çempionatda diňe Ýokary liga bar, ikinji diwizion-da, 15-16, 17-18 we 19-20 ýaşlylar kategoriýasynda ýaşlar birinjiligi-de ýok.Haçanda biz Sandro Tomiç bilen gürleşemizde, bu barada maslahat etdik.

Biz baryp, “Ahal” bilen “Aşgabadyň” arasynda milli birinjilik ugrundaky ýaryşa syn etdik.Näme görendiris öýdýärsiňiz? “Ahal” komandasynyň hatarynda meýdana çalşylýan oýunçy bolup 40 ýaşyndaky futbolçy çykdy. Ýaşlar Türkmen futbolynyň geljegi nirededi?

Men oýun meýdanyna, futbolda öňegidişlik bolmagy üçin, 17 ýaşyndaky ýaş futbolçylaryň çykmagyny islärdim” diýip, Mişe aýtdy.

Mundan başgam täze tälimçi gudrata garaşmazlyga hem çagyrdy: “Bizde, Garri Potter hakyndaky kinodaka meňzeş, Türkmenistanyň ýygyndysyny bada-bat ýokary derejede oýnap başlar ýaly edip biljek jadyly taýajyk ýok. Öňde örän köp agyr iş dur, klublar we futbolçylar bilen edilmeli köp gürrüň garaşýar” diýip, tälimçi aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Milli ýygyndylarymyzyň täze tälimçileri
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ozalky baş tälimçisi Ante Mişe Al-Arabi toparyna tälim berip başlady
Tälimçi Daliç Horwatiýanyň gutarnykly düzümini mälim etdi
Ahal Ante Mişeniň topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi
Oraz Ataýew toparynyň Matç TW-den üstün çykmagyna goşant goşdy
Medialigada oýnaýan futbolçy Türkmenistanyň ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşiklerine çagyryldy