Amir Abdollahian: Amerikalylar realist bolmaly

Amir Abdollahian: Amerikalylar realist bolmaly

Eýranyň Daşary işler ministri eger-de Amerikalylar real hereket etseler, Eýrana garşy zalymlykly sanksiýalary ýatyrmak barada ylalaşyk gazanylar diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian anna güni Zangibaryň prezidenti Huseýin Moini bilen bolan duşuşygynda Eýrana garşy sanksiýalary ýatyrmak üçin köp tagallalaryň edilendigini aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasy we garşydaş taraplar ylalaşyk gazanmak üçin işiň soňky tapgyryny başdan geçirýärler diýdi.

Amir Abdollahian, Eýrana garşy zalymlykly sanksiýalary wagtynda Tanzaniýa bilen Zangibaryň berýän goldawyna we özara täsirine minnetdarlyk bildirmek bilen Zangibaryň prezidentine ýüzlenip: Eýran ýokary tehnologiýa, lukmançylyk we bilim ýaly ugurlarda bäşinji orny eýeleýär we bu tejribeleri Zangibar we Tanzaniýa geçirmäge taýyndyr diýdi.

Zangibaryň prezidenti hem Eýranyň prezidentiniň Eýrana saparyna çagyryşyna ýokary baha bermek bilen Eýran Yslam Respublikasy bilen deňiz we balykçylyk pudagy, nebit we gaz çykarmak, şeýle hem tehnologiýa merkezleri, oba hojalygy, bilim, bent gurluşygy, ýol gurluşygy we ş.m. ugurlarynda hyzmatdaşlygy isledi.

Ýene degişli makalalar

Goşunyň Baş Serkerdesi: Biz duşmanlaryň howplaryny jogapsyz goýmarys
Eýran bäş arap ýurduny ABŞ we Ysraýyl bilen dildüwşük etmekde aýyplaýar
Eýranyň daşary işler ministri sapar bilen Aşgabada geldi
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞDY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
Eýran premýer-ministrler derejesinde Hazarýaka döwletleriniň üçünji ykdysady maslahatyny geçirmekçi
Eýranyň Prezidenti sapar bilen Aşgabada geler