Amyderýanyň suwy arassalanýar

Amyderýanyň suwy arassalanýar

Lebapwelaýatagyzsuw birleşiginiň Çärjew etrap agyz suw arassalaýjy desgasynyň umumy meýdany 88 müň 664 inedördül metre deň bolup, bir gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metr agyz suwuny çykarmaga niýetlenilendir. Desganyň arassalan suwy Çärjew etrabynyň ýaşaýjylaryna ýetirilýär.

Ilkibaşda Amyderýanyň suwy öz akymyna Berzeň suw akabasyndan suw arassalaýjy desgasyna getirilýär hem-de meýdany 150 müň kub metr bolan tebigy durlaýjy hökmünde açyk suw howdanyna ýygnalýar. Şol ýerden suw sorujylar arkaly alnyp, durlanylýar hem-de süzgüçlerden geçirilýär.

Tehnologik yzygiderlilige laýyklykda suw arassalaýjy süzgüçleriň 10-syndan geçen suw zyýansyzlandyrylyp, hersiniň mümkinçiligi 15 müň kub metr bolan 2 sany suw saklaýjysyna guýulýar.Suw desgasyndaky kämil enjamlar suwy ýokary derejede arassalamaga mümkinçilik berýär.

Agyz suwuny zyýansyzlandyrmak üçin möhüm bolan natriý gipohloridi bolsa desganyň özünde öndürilýär.

Suw arassalaýjy desganyň önümçilik tehnologiýasynda bu ugurda dünýäniň iň öňdebaryjy ýurtlary bolan Türkiýede, Germaniýada öndürilen kämil enjamlar ulanylýar. Desgada işgärleriň 44-si zähmet çekýär. Bu ýerde önümçilige ýetirilýän çig suwuň hem-de arassalanylan agyz suwunyň hil derejesi doly barlanylyp, berk gözegçilikde saklanylýar diýlip, Türkmen gündogary gazetinde habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabadyň agyz suw desgasynda näsazlyk ýüze çykdy, şäher ilatynyň suw üpjünçiligi kesildi
Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary elektrik energiýasyz kösenýär
Türkmenabatlylar dört gün bäri suwsuz kösenýär
Paýtagtyň ýaşaýyş jaýlarynda suw ýetmezçilik edýär
Häkimiýetler suw üpjünçiligindäki bökdençlige nägilelik bildirýän raýatlaryň sanawyny polisiýa tabşyrýar
Büzmeýinde turba ýarylyp, suw köçä akýar, ýaşaýjylar suwsuz galýar
Balkanda tok, suw kesilmeleri dowam edýär, häkimiýetler düşündiriş bermeýär