Ançelotti Çempionlar ligasynda ýeňişleriniň sany boýunça tälimçileriň arasynda rekord goýdy

Ançelotti Çempionlar ligasynda ýeňişleriniň sany boýunça tälimçileriň arasynda rekord goýdy

Italiýaly Karlo Ançelotti Çempionlar ligasynda ýeňişleriniň sany boýunça tälimçileriň arasynda rekordsmen boldy. Ýekşenbä geçilen gije final oýnunda Ançelottanyň ýolbaşçylygyndaky Madridiň "Realy" iňlisleriň "Liwerpulyny" 1:0 hasaby bilen utupdy.

Duşuşyk Pariždäki Stad de Frans stadionynda geçdi.Ançelotti tälimçi hökmünde dördünji gezek öz toparyna Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandyrdy. 2003-nji we 2007-nji ýyllarda italiýaly tälimçi "Milan" bilen Ýewropanyň iň abraýly klub turnirinde, 2014-nji we 2022-nji ýyllarda bolsa - "Real" bilen ýeňiş gazandy.

Fransiýaly Zinedin Zidan we angliýaly Bob Peýsli ikisiniň hersi üç tituldan gazandylar.Zidan "Real" bilen 2016, 2017 we 2018-nji ýyllarda ýeňiş gazandy.Peýsli "Liwerpuly" üç gezek Ýewropa çempionlarynyň kubogynyň eýesi etdi (1877, 1978, 1981).

Ançelotti 62 ýaşynda, ol 2021-nji ýylyň tomsunda "Reala" ýolbaşçy boldy we klub bilen Ispaniýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy.Ol Ýewropada iň güýçli milli çempionatlaryň bäşliginiň her birinde ýeňen taryhda birinji tälimçidir. Şeýle hem italiýaly hünärmen karýerasynyň dowamynda Angliýanyň "Çelsisini", Germaniýanyň "Bawariýasyny", Italiýanyň "Milanyny" we Fransiýanyň PSŽ-syny milli birinjiliklerinde ýeňişlere ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

Ançelotti Çempionlar ligasynyň kubogyny iň köp gazanan tälimçi boldy
“Real” ýene-de öňki tälimçisini wezipä belledi
Ançelotti Realyň halypasy hökmündäki oýunlaryny 200-e ýetirdi
Gysga setirlerde: 21-nji fewralyň sport habarlary
“Real Madrid” her gezegem toparçadan çykmagy başardy
Mançester Ýunaýted Kazemirony satyn alýar