Ançelotti Çempionlar ligasynyň kubogyny iň köp gazanan tälimçi boldy

Ançelotti Çempionlar ligasynyň kubogyny iň köp gazanan tälimçi boldy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 2021/2022-nji ýyl möwsüminiň final duşuşygy Madridiň Realynyň tälimçisi Karlo Ançelotti üçin täze özboluşly rekordy bagyş etdi. Tälim berýän toparynyň mynasyp bolan arzyly baýragy Ançelottiniň tälimçi hökmünde bu ugurda gazanan 4-nji kubogy bolup, ol futbolyň taryhynda tälimçileriň görkezen netijeleriniň içinde iň tapawutlysyna öwrüldi.

Ançelotti mundan öň UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň kubogyna 2003-nji hem-de 2007-nji ýyllarda Milan topary bilen, şeýle-de 2014-nji ýylda Madridiň Realy bilen eýe bolupdy. Bu baýragy üç gezek gazanan tälimçiler bolsa Zinedin Zidan bilen Bob Peýslidir.

62 ýaşly italiýaly tälimçi 2021-nji ýylyň tomsundan bäri Madridiň Real toparyna tälim berýär. Onuň şägirtliginde topar Ispaniýanyň futbol ligasynyň 2021/2022-nji möwsüminde ýeňiş gazandy. Karlo Ançelottiniň Ýewropanyň esasy bäş futbol ligasynda toparyny ýeňşe ýetiren ilkinji tälimçidigini hem bellemek gerek.

Madridiň Real topary bilen Liwerpulyň arasynda geçen UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 2021/2022-nji ýyl möwsüminiň final duşuşygynyň 1:0 hasabynda Realyň ýeňşi bilen tamamlanandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Ançelotti Çempionlar ligasynda ýeňişleriniň sany boýunça tälimçileriň arasynda rekord goýdy
“Real” ýene-de öňki tälimçisini wezipä belledi
Ançelotti Realyň halypasy hökmündäki oýunlaryny 200-e ýetirdi
“Real Madrid” her gezegem toparçadan çykmagy başardy
Guardiola Fergusondan öňe geçdi
Gysga setirlerde: 21-nji fewralyň sport habarlary