Angliýada rekord derejede yssy howa hasaba alyndy

Angliýada howanyň temperaturasy 39,1 derejä ýetip rekord goýdy.Bu rekord Sarri graflygyndaky Çarlwud şäherinde hasaba alyndy.Mundan ozal ýurtda iň yssy howa 2019-njy ýylda Kembrij şäherinde hasaba alnypdy. Şonda termometriň görkezijileri 38,7-ini görkezipdi.

Häzirki wagtda yssy howa ýurduň paýtagty Londondan başlap, demirgazykdaky Ýork we Mançester şäherlerine çenli ähli ýerde duýulýar. Ýurtdaky yssy howa akymy gijesine-de temperaturanyň 25 dereje töweregi bolmagyny dowam etdirdi. Şu günden başlap howanyň birneme salkynlamagyna garaşylýar. Ýurtdaky mekdepleriň käbiri ýapyk durdy. Ýurduň Demir ýol edarasy zerur bolmadyk halatynda syýahat etmekden saklanmaga çagyrdy. Ýurduň saglygy goraýyş ministri tiz kömek ulaglarynyň sanynyň artdyrylandygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Mançesteriň reňki gyzyl
Türkmenistan Ýakyn Gündogara howa gatnawlaryny çäklendirýär, eýranly türkmenleri serhetden geçirmeýär’
Türkmenistan Eýrana elektrik geçiriji gurýar, ýerli ilat toksuz kösenýär
Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi
Ysraýyl Gazada 3 palestinlini öldürdi
Günaý haryt nyşanly önümlere alyjylar uly isleg bildirýär