Ankarada Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli ylmy maslahat geçirildi

Ankarada Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli ylmy maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Ankaranyň Sosial ylymlar uniwersitetiniň hem-de Türki dünýäsiniň inženerler we binagärler birleşigi bilen bilelikde Türkmenistanda 2024-nji ýylyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi.

5-nji ýanwarda bolan maslahata Türkiýede akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, döredijilik we ylmy intelegensiýanyň, şeýle hem KHBS-iň wekilleri gatnaşdy.

Halkara ylmy konferensiýasyna gatnaşyjylar, türkmen halkynyň edebi milli hazynasynyň we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan beýik akyldaryň döredijilik mirasyna ýokary baha berdiler.

Gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Dünýäniň hakydasy maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy türkmen şahyrynyň döredijiliginiň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Marokkoda ICESCO-nyň meýdançasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreler geçirildi
Binali Ýyldyryma, Klaus Parhofere “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” medallary gowşuryldy
Türkmen wekiliýeti Ankara şäherinde geçirilen çärelere gatnaşdy
Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasy
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini ýubileý medaly bilen gutlady
Gahryman Arkadagymyz Hakyda göwheri atly kitabyny ýazyp tamamlady
Türkmenistan we TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar