Binali Ýyldyryma, Klaus Parhofere “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” medallary gowşuryldy

Binali Ýyldyryma, Klaus Parhofere “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” medallary gowşuryldy

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen daşary ýurtly myhmanlar “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly hem-de beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çykarylan ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglandylar.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi sişenbe güni mälim etdi.Sylaglanylanlaryň hatarynda TÜRKSOÝ-nyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym hem bar.Ol türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmekde goşan goşandy üçin medala eýe boldy, şeýle hem “Türkmenistanyň il ýaşulusy” diýen hormatly ada mynasyp boldy.

Germaniýaly lukman Klaus Parhofer “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyna hem-de beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çykarylan ýadygärlik nyşanlar toplumyna mynasyp boldy.Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň arasynda ynsanperwer we medeni gatnaşyklary berkitmek işine işjeň gatnaşandyklary üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary hem sylaglara eýe boldular.

Sylaglary gowşurmak dabarasy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisinden soň geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Binali Ýyldyryma Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen ady dakyldy we ýubileý medaly berildi
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulylar Geňeşiniň Maslahaty Geçiriler
Türkmenistanda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulylar Geňeşiniň Maslahaty Geçirilýär
Türki Dünýäniň Ýaşulylary Aşgabatda Duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy