Pingwinler maşgalasyna (Spheniscidae) degişli bolan alabeder deňiz guşy uçup bilmeýändigine garamazdan, ýüzüp hem-de suwa çümüp bilýändigi bilen tapawutlanýar.
Adamlaryň köpüsi pingwinler Antarktidada ýaşaýar diýip pikir etseler hem, bu guşuň Günorta Amerikada, Afrikada, Awstraliýada we Täze Zelandiýada mesgen tutan görnüşleri hem bar.
2006-njy ýylda gaýa pingwini iki aýry görnüş hökmünde ykrar edilenden soňra, pingwinleriň umumy görnüşi 18-e ýetdi.
Pingwinleriň iň ulusy imperator pingwini (Aptenodytes forsteri) bolup, boýy 1 metrden we agramy 35 kilogramdan geçýär. Kükregi sarymtyl bolan imperator pingwinleri Antarktidanyň agyr howa şertlerinde ýaşaýar.
Pingwiniň iň kiçi görnüşiniň ululygy ananas ýalydyr. Agramy 1,5 kilograma ýetmeýän kiçijik pingwiniň boýy 30-33 santimetr töweregi bolýar. Awstraliýada we Täze Zelandiýada duş gelýän bu guşlaryň iň kiçisine kiçi pingwin (Eudyptula minor) diýilýär.
Pingwinler adamlaryň ýanyna golaýlaşýandygyna garamazdan, gorkup gaçmaýarlar. Gaýtam geň görüp ýanyna barýarlar. Munuň sebäbi bolsa, haýal ýöreýändigi we özlerinden başga janly-jandary görmeýändigi bilen düşündirilýär.
Adatça, pingwiniň horazy ýumurtgalara ideg edýär, mäkiýan pingwin bolsa aw awlamak üçin deňziň çuňluklaryna gidýär.
Pingwiniň horazy mäkiýanyna kiçiräk daş böleklerini sowgat edýär. Bu daşlar bolsa höwürtge ýasamak üçin ulanylýar.
Pingwinler jüýjesini çaga torbasy diýlip atlandyrylýan ýyly tüý örtüginiň aşagynda saklaýarlar. Şeýlelikde, kiçijik pingwinler 38 dereje gyzgynlykdaky bu ýerde üşemän ulalýarlar.
Pingwinler ganatynyň kömegi bilen suwuň düýbünde sagatda 10-30 kilometr tizlikde ýüzüp bilýärler. Imperator pingwinler deňziň 500 metre çenli düýbüne, beýleki görnüşler bolsa, suwuň 60 metre çenli çuňlugyna çümüp bilýärler.
Pingwinler topar bolup ýaşaýan şadyýan jandarlardyr. Bir toparda ýüzden on müňlerçe guş bolýar. Toparda ýörite goragçy pingwinler bolup, mäkiýanlaryny, kiçijik pingwinleri beýleki pingwinlerden we ýyrtyjylardan goraýarlar.
Dünýäde 40 milliondan gowrak pingwin bolup, iň uly pingwin sürüsi Antarktidanyň aşagyndaky adalarda (Snou Hill, Günorta Jorjiýa) ýaşaýar.
