Antarktika we Antarktida

Antarktika Antarktida materigini, oňa ýanaşýan adalary we ony gurşaýan umman giňişligini öz içine alýar. Antraktikanyň umumy meýdany 52,5 mln km2. Antarktika grek sözi bolup anti – garşy we arktikos – demirgazyk, ýagny demirgazygyň garşysyndaky ýer diýmekdir. Antarktikanyň merkezinde Antarktida materigi ýerleşip, beýleki materiklere görä uzakda, günorta polýusda ýerleşýän materikdir. Onuň meýdany 14 mln km2.

1819-1821-nji ýyllarda Faddeý Faddeýewiç Bellinsgauzeniň we Mihail Petrowiç Lazarewiň ýolbaşçylygyndaky rus syýahatçylary Mirnyý (Parahat) we Wostok (Gündogar) gämilerinde ozal belli bolmadyk materigiň daş-töweregine aýlanyp çykdylar.Materigiň töweregindäki 29 sany adany açdylar. 1820-nji ýylyň 28-nji ýanwary Antarktidanyň açylan senesi diýlip ykrar edildi.

Soňra bolsa Antarktidanyň merkezinde ýerleşýän Günorta polýusa syýahat edildi.Ilkinji gezek norweg syýahatçysy Rual Amundseniň ýolbaşçylygyndaky topar 1911-nji ýylyň 14-nji dekabrynda günorta polýusa bardy.Ikinji gezek iňlis syýahatçysy Robert Skottuň ýolbaşçylygyndaky topar 1912-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda günorta polýusa bardy.

Häzirki wagtda Günorta polýusda Amundsen-Skott ylmy-barlag stansiýasy (ABŞ) bar.Bu ýerde 18 döwletiň stansiýasy ylmy-barlag işlerini alyp barýar.Antarktidada hemişelik ylmy-barlag işlerini alyp barýan 34 sany beket bar.

Hiç bir döwlete degişli bolmadyk Antarktidada oturymly ilat ýok. Şeýle-de bolsa bu ýerde hemişe barlag geçirýän hünärmenler ýaşaýarlar.Hatda olaryň käbiriniň çagalary hem bar.Antarktida bütinleý diýen ýaly buz gatlagy bilen örtülendir.

Buzuň ortaça galyňlygy 2 müň metre golaý bolup, has galyň ýerleri 4 müň metrden geçýär.Eger-de Antarktidanyň buzuny bütin Ýeriň ýüzüne birmeňzeş galyňlykda ýazyp bolsady, onda biziň planetamyz 40 metr galyňlykda buz bilen örtülerdi.

Antarktidadaky Wostok stansiýasynda howanyň 91,2 derejede sowukdygy hasaba alyndy.

Materigiň iň sowuk aýy bolan awgustda howa ortaça 70 dereje sowuk bolýar. Bu ýerde howanyň temperaturasy adaty simaply termometrler bilen barlanmaýar, çünki simap sowukda doňýar. Metal aşa sowukda port bolýandygy üçin döwülýär.

Materigiň iň gurak ýeri Gurak Antarktida jülgesi bolup, ol ýere 2 million ýyldan bäri ygal ýagmandyr.

Antarktidada ýel güýçli öwüsýär. Ýeliň tizligi ortaça 60 metr/sekunt bolup, iň güýçli ýeliň tizliginiň sagatda 240 kilometr ýetenligi hasaba alyndy. Antarktidada adatça pingwinler ýaşaýan hem bolsa, ýylyň belli paslynda göçegçi guşlar hem gabat gelýär. Şeýle hem onuň kenarlaryndaky ummanlaryň baý ekoulgamy bar.

Dünýädäki süýji suwuň 70 göterimi, buzlaryň 90 göterimi Antarktidada saklanýar.

Ýer ýüzünde iň uly buzasty köl Antarktidadaky Wostok köli bolup, ol 1944-nji ýylda açyldy.

Dünýäde iň arassa deňiz Uedella Antarktidanyň kenarynda ýerleşýär.

Ýer şarynda deňiz derejesinden iň belentde ýerleşýän materik Antarktidadyr. Onuň deňiz derejesinden ortaça belentligi 2024 metr. Materigiň iň beýik depesi Elsuerta dagy 5140 metr.

Materigiň iň pes ýeri Berda tekizliginde, deňiz derejesinden 2555 metr aşakda ýerleşýän Bentli çöketligidir.

Şowkat ISMAILOW,

Daşoguz şäherindäki 5-nji orta mekdebiň mugallymy.

The post Antarktika we Antarktida appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Antarktikanyň buz gatlagy kiçeldi
Äpet buz döwüler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Dünýädäki iň uly aýsberg eredi
Iň uly aýsberg buz mozaikasyna öwrülýär
Guşlar magnit meýdanyny nädip tapýarlar?