Göçmeginiň sebäbi anyklandy

Gury ýerde ýaşaýan jandarlar ýaly deňizdir ummanlardaky janly-jandarlar hem ýylyň belli pasyllarynda başga ýerlere göçýärler.ABŞ-nyň Oregon uniwersitetiniň Deňiz süýdemdirijileri institutynyň hünärmenleri kitleriň göçmeginiň sebäplerini öwrenipdirler.

Ylmy toparyň çykaran netijelerine görä, ýer ýüzüniň iň iri jandarlary derisini täzelemek üçin uzak ýerlere göçýärler.Toparyň ýolbaşçysy Robert Pitman bu jandarlaryň derisiniň täzelenmeginiň olaryň ýaşaýşy üçin möhümdigini belläp, munuň üçin ýyly suwuň kitlere zerurdygynyň anyklanandygyny aýdýar. Şol sebäpli Antarktikanyň golaýyndaky sowuk suwda ýaşaýan bu jandarlar has ýyly ýerlere göçmeli bolýarlar. Şeýle hem ýyly suwly ýerler kitleriň köpelmegi we çagalarynyň kadaly ulalmagy üçin hem amatly şert döredýär. Şeýle hem kitler Antarktika golaý bolan döwründe olaryň tenine ownuk suw otlary ýapyşýar. Ýyly suw jandary bu otlardan hem arassalaýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy
Göçme howa goranyş ulgamy SUNGUR TÝG-niň düzümine goşuldy
Bilelikdäki harby-meýdan türgenleşigi geçirildi
Balkanda 'dedowşina' zerarly sekiz esger harby gullukdan gaçdy
Göçmekden ýüz öwren hytaýlynyň öýüniň daşyndan ýol gurdular
Ýer Titremelerinden Soň Daşary Ýurtlar Bize Uly Kömek Berdi